05:52
"Göýä, bir azaşan gämi..."
"GÖÝÄ, BIR AZAŞAN GÄMI..."

Göýä, bir azaşan gämi,
Jahanda ýok belli ugrum.
Bu hem hiç,
Ýöne göwrämi
Ýok etmekçi bolýar ruhum.

Ol diýýär: “Saňa dynçlyk ýok,
Baş goşduň peýdasyz işe.
Seni öňe äkidýän ýol
Hiç haçan gowşurmaz ile.

Seni söýüp idäp gelen
Soň galmak islär ganyňa.
Owal-ahyr şatlyk bilen
Dolanmarsyň mekanyňa.

Özgäniň çekýän ezýeti
Saňa ötere ýol bermez.
Dünýäniň aýşy
-eşreti
Gamgyn köňlüňi bejermez.

Özüňe tapmarsyň orun
Gämisinde goja Nuhuň...”
Şu zatlary aýdyp her gün
Maňa azar berýär ruhum.

Orazgylyç ÇARYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 48 | Добавил: Mähriban | Теги: Orazgylyç Çaryýew | Рейтинг: 3.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Watan / Goşgular - 13.03.2021
Penjiräňi aç! / Goşgular - 16.03.2021
Kem-kemden / Goşgular - 16.03.2021
Под лаской плюшевого пледа… / Goşgular - 08.04.2021
A.Çüriýewe bagyşlanan goşgulardan / Goşgular - 10.04.2021
Eje / Goşgular - 03.03.2021
Watan / Goşgular - 25.03.2021
Haýyşym... / Goşgular - 05.04.2021
"Aýadyñ sen öz köñlüñ..." / Goşgular - 16.07.2021
Ýaş ölümiň ünjüsi / Goşgular - 23.05.2021



Всего комментариев: 1
0
Goşgy okan yaly boldum da

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]