02:11
Göwün ýüwürtme
GÖWÜN ÝÜWÜRTME

Dübläp geçseň gözýetimden üç ädip,
Güwläp duran kelläň bilse dynç alyp.
Maýsalykda synlap ýatsaň asmany,
Bikarar ýüregiň tapsa ynjalyk.

Hyýalyňda bulutlary üýşürip,
Ak çabga guýdursaň kalby ýuwmaga,
Sähra tämizlenip, ýeňil gerinse,
Bilse hapa näme, tämiz suw näme.

Tämiz bir päl bilen ses ýetdiginden
Bakylyk hakynda nama zowlatsaň.
Sesýeterde bagty şowlamadyklaň
Bagtlaryny rowaç etseň, şowlatsaň.

Zemine kök urup, göge gol berip,
Bolsaň Watan üste saýaly çynar.
Ýagşy päliň bakylyga ulaşyp,
Zemin seni biler, asmanam tanar.

Gurbanmuhammet AŞYROW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 77 | Добавил: Mähriban | Теги: Gurbanmuhammet Aşyrow | Рейтинг: 3.8/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Agam / Goşgular - 14.01.2022
Hudaýa şükür! / Goşgular - 11.01.2022
Pursat / Goşgular - 20.01.2022
Gözleg / Goşgular - 17.01.2022
Debýut / Goşgular - 21.01.2022
Муза / Goşgular - 21.01.2022
Цветы Сахары / Goşgular - 11.01.2022
Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022
Barsam atamöýmüze / Goşgular - 08.01.2022
Майор / Goşgular - 24.01.2022



Всего комментариев: 4
0
4 Mähriban   [Материал]
@ Taryhçy dogan, goşgynyň awtoryny ýakyndan tanamok, ýöne ýaş şahyr-a däl bolmaly.

0
3 Taryhçy   [Материал]
Yaş şahyrlardanmy?

0
Kemine. Garyp goşgusyny köpräk okañ

0
1 Allanazar   [Материал]
Örän oňat goşgy, şular ýaly goşgy ýazsam diýdirýär.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]