11:05 Göwün söhbeti | |
GÖWÜN SÖHBETI Asly otdan bolan sessiz ýanarmy? Ne ýanar sen yralanyp, şem çyrag? Aryn köýdürenler öçden ganarmy, Ne ýanar sen, yralanyp, şem çyrag? Gitseñ bolmadymy çabyrap-çawlap, Hanalarñy böwsüp, dabyrap-daglap, Ýa-da meñ gözlermiñ agysyn aglap, Ne ýanar sen, yralanyp, şem çyrag? Oýnuñ gördüm, owsunjyñda gözel sen, Her bakamda aýdylmadyk gazal sen, Ýa köýmeklik aryñ barmy ezelden, Ne ýanar sen, yralanyp, şem çyrag? Şirwan perdesimiñ dartylan kirşiñ, Arman-hesretimiñ ganatsyz guşuñ, Meñ ýüregme meñzeş elenip durşuñ, Ne ýanar sen, yralanyp, şem çyrag? Sepil-sergezdanmyñ hyýalda ýara, Boýlaryñ-başlaryñ örtenip nara, Sen kimlere özüñ eýleýip para, Ne ýanar sen, yralanyp, şem çyrag? Daýan, çyrag, bir dem kesbiñden dänip, Bakylyk ýol, bir gün gidiler tänip, Senden ötri, men gezerkäm örtenip, Ne ýanar sen, yralanyp, şem çyrag? Maral ANNANUROWA. | |
|
√ Dünýäde şeýleräk adamlaram kän / Goşgular - 12.01.2022 |
√ Söz bar, goldaw ýok! / Goşgular - 27.02.2022 |
√ Söýgülim / Goşgular - 13.01.2022 |
√ Люблю? / Goşgular - 20.01.2022 |
√ "Лежала я вечор в беседке ханской..." / Goşgular - 17.01.2022 |
√ Sakarçägäm / Goşgular - 28.01.2022 |
√ "Aýa dünýäñ..." / Goşgular - 09.01.2022 |
√ "С моею царственной мечтой..." / Goşgular - 26.01.2022 |
√ "Nowaýy perdesine galdym..." / Goşgular - 16.01.2022 |
√ Dillen durmuş / Goşgular - 17.01.2022 |
Всего комментариев: 0 | |