20:51
Göwün aýdymy
GÖWÜN AÝDYMY

Göwün uklap bilenok.
Ýadynda, oñ ýalkym saçyp geçen düýn,
Ýadynda, saçlaryñ tolkun atyşy.
Tutdurman gidişi sarç pursatlaryñ,
Bägülleñ ýüzüni göge tutuşy.
Ajaýyp göz bolup bakýar oña düýn,
Onuñ şol gözlerde eräsi gelýär.
Kadasyz dem alyş,
her bir dem alyş,
Şol tanyş atyryñ ysyn äkelýär,
Göwün uklap bilenok.
Düýn yza dönmäge edenok hyýal,
Ummadan çykypdyr seýkin ädimler.
Ertiriñ bardygtn unudypdyr ol,
Düýn çykyp bilenok onuñ ýadyndan.
Henizem dirkildäp nepis köwüşler,
Oña sarsgyn berýär müñünji ýolm
Ala-mula günleñ garjaşyk sesi,
Ol sesi çykaryp bilenok ýoga.
Göwün uklap bilenok.
Hyýallar tamşanyp gaçypdyr güýçden,
Bireýýäm uklapdyr kagyzdyr galam,
Bireýýäm ukladym,
daşymda düýşler,
Göwün uklap bilenok.

Hudaýberdi SÖHBETOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 57 | Добавил: Haweran | Теги: Hudaýberdi Söhbetow | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gamgyn goşgy / Goşgular - 11.02.2021
Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021
Samsyk bilen samsyjak hakda soňlanmadyk ertekiden bölek / Goşgular - 18.03.2021
"Aýadyñ sen öz köñlüñ..." / Goşgular - 16.07.2021
Tebil / goşgular / Goşgular - 09.02.2021
Söýgimiziñ şaýady / Goşgular - 07.02.2021
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
Gerdek / Goşgular - 14.02.2021
Ogluma / Goşgular - 15.03.2021
Ýerkümede dörän goşgular / Goşgular - 15.04.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]