14:57
Göwün
GÖWÜN

Kakasyndan taýak iýen çaga deý,
Göwnüm bir zatlara hamsykdy şugün.
(Ýere sokduň, mydam pylçadyň, ýördüň-
diýe aglamjyrap dillendi göwün).

Özge göwne bolsa-bolsun etdim men,
Hemmesi-de geçdi-gitdi gelşine.
Göwnüm batgalyga çümdi-le welin,
Çykarmadym Gimalaýyň gerşine.

Käteler edilen zerur ýagşylyk,
Ýaşamady kebelegiň ömriçe.
"Haýyr bolsun" diýe, oturdym,
dymdym.
Kabul etdim Ýaradanyň emriçe.

Aý, garaz, mertlige meňzetdim, ýördüm,
Göwün yzasyndan ejir çekeni.
Diňe göwnüň bilen iş salşyp ýörseň,
Adam öz-özüni iýjek ekeni...

Ylham GURBANALYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 79 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Aýa dünýäñ..." / Goşgular - 09.01.2022
Дело о поджоге Рейхстага / Goşgular - 11.01.2022
Я уеду, я уеду... / Goşgular - 15.01.2022
Ejem üçin ýene bir hat / Goşgular - 26.01.2022
Ýyl täzelenýär / Goşgular - 07.01.2022
Köňül pelsepesi / Goşgular - 01.01.2022
Город / Goşgular - 22.01.2022
"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022
Bentler / Goşgular - 24.01.2022
"Он был студентом, театр любил и книжки..." / Goşgular - 18.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]