20:33
Göwün
GÖWÜN

Adamlar, geliň biz bolalyň dogan,
Ýagşy söz bar zadyň derdine derman.
Dostluk ähli kynçylyga döz geler,
Kyn günde dost-dosta gurbandyr gurban.
Dostlugyň sarpasyn belentde saklaň,
Adamlar, özgeleň göwnüni ýykmaň!

Käte bilmezlikden aýdylan sözler,
Özge ýüreklerde döredýär düwün.
Dünýäde bar zady seýikläp bolar,
Ýöne seýikletmez ýykylan göwün.
Çakdan öte geçmek hökman däl, hökman,
Adamlar, özgeleň göwnüni ýykmaň!

Diýýäs başy ýaýkap süýnende ýyldyz:
«Dünýäden armanly ötdi birä-hä».
Gidenden soň gözýaş döküp aglamaň,
Bir-biregi hormatlalyň dirikä.
Saga hemdem boluň, näsaga lukman,
Adamlar, özgeleň göwnüni ýykmaň!

Ata TÄZEBAÝ.

Makalaň çapa çykan ýyly: 2021 ýyl

Makalaň metbugat çeşmesi: «Edebiýat we sungat» gazeti

Категория: Goşgular | Просмотров: 68 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Ata Täzebaý | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022
Брюссельский транзит / Goşgular - 11.01.2022
Ýagyş we Sen / Goşgular - 21.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
Öýke / Goşgular - 15.01.2022
Gelsene... / Goşgular - 19.01.2022
Могила Гете / Goşgular - 11.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Garga dilinden öwrenje terjime / Goşgular - 19.01.2022
Dostuma / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Garayolly1936   [Материал]
Şygryñ mazmunyny aÿlawly söz düzümlerine gaplaman, gönümel aÿdylan pikirler. Şahyryñ hoşniÿetli oÿlary goşgynyñ merkezi ojagyny alawlandyrÿar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]