04:04
Göwün
GÖWÜN

Meniñ bir elýetmez arzuwymam ýok,
Kän bagtam islämok täleýnamadan.
Şükür, baldyryma ýeterlik bagtym,
Ezýetlermem bagta goşup sanadym.

Şükür, gidip barýan ýolum gutarmaz,
Gözlerimde ahmyr, ökünjimem ýok.
Juda razy, men bir zada düşünýän,
Haka şükür, men kän zada düşnemok.

Gara gözlerim ýok gijäniñki deý,
Ýöne günler kimin päkdir hyýalym.
Gunçadan gül ýasap, güllerden çemen,
Güne sary ýol arçaýar diýarym.

Şükür, ynsan göwnün bilemok ýykyp,
Adamlary söýýän, ýigrenme ne kyn.
Ynsan göwni näzik, ýöne meniñem
Azajyk göwnümiñ bolmagy mümkin...

♢ DÜŞÜNMEK

Örän takyk geçýär gije we gündiz,
Haýalrak ýöreýän biri men dünýäñ.
Haka şükür, alyp barýan gussam ýok,
Ýöne azam bolsa, gussa düşünýän.

Ýatanyñ üstüne bagtam gelenok,
Turanyñ bilenem gelenok, bilýän.
Haka şükür, baş aýlaýan bagtym ýok,
Ýöne azam bolsa, bagta düşünýän.

Dünýä öñe barýar. Haýalam bolsa,
Menem onuñ bu işine goşulýan.
Kiçijik dünýäm bar, şonuñ üçinem,
Azajygam bolsa dünýä düşünýän.

♢ GABANMAK

Çala gabanýardym seni illerden,
Indi gabanýaryn bütin durşuma.
Gözelligñe haýran gözel iller hem,
Seni söýüp has düşündim durmuşa.

Sen meniñ ýüregme ornaşdyñ welin,
Ganly damarlardan gan akman misli -
Seniñ adyñ akýan bolara çemli,
(Ýollarda duşuşýas, sözleşýäs resmi).

Bu gün şem yşkyna ýazýan adyñy,
Hem-de şol şem bilen bir jaýda ýanýan.
...Öñ özüñi gabanýardym illerden,
Indi bolsa adyñy hem gabanýan...

Suraý BABANYÝAZOWA.

"Nesil" gazeti, 06.03.2008 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 57 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şahyry atdylar gara zyndana / Goşgular - 07.04.2021
Ýodalar / Goşgular - 22.05.2021
Dagdan / Goşgular - 03.02.2021
Gökdepe galasy / Goşgular - 11.03.2021
"Nohur" diýmek, "dostum" diýmek mongolça..." / Goşgular - 03.02.2021
Adam / Goşgular - 21.03.2021
Küýsemen / Goşgular - 15.03.2021
Bu dünýä özüni görer özümde.. / Goşgular - 06.01.2021
"Ýat itiñ guýrugy..." / Goşgular - 15.02.2021
Guwlar geçýär amman-amman... / Goşgular - 07.02.2021



Всего комментариев: 3
0
3 Bilbil   [Материал]
Suraýjan, ömrüň bolsun!
Ýüregiňe kuwwat elleriňe saglyk dileýän.

0
2 permanh2206   [Материал]
Űstinlik hemrañyz bolsun.

0
1 mango   [Материал]
suraýyň aýratynlygy goşgusyny "horlamaýar, zorlamaýar, ezýet bermeýär".
aňsatlyk bilen göwnünden çykarýar.... gyzykly söhbetdeş bolup, özüni diňletmegi başarýar.....
---
Şükür, baldyryma ýeterlik bagtym,
Ezýetlermem bagta goşup sanadym.

şu ýerdäki "baldyr" ýalňyş gitdimi, ýa dogrumy?
baldyr - aýagyň bilen dyzyň arasyndaky ýumry etli ýeri.
---
Gunçadan gül ýasap, güllerden çemen,
Güne sary ýol arçaýar diýarym.
ýada saldy: "Ýyldyzdan ýol ýasap, Aýa sataşdym."
---
indi nirede "haka şüküre" duş gelsem suraý ýada düşer. bu onuň sözlüginden bir söz...
"göwünde": Haka şükür, men kän zada düşnemok.
"düşünmekde": Haka şükür, alyp barýan gussam ýok,
---
Seni söýüp has düşündim durmuşa.

ýada düşdi:
Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim.
Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm.
Öz ýeňles gylygma gazaply boldum.
Öz durmuş ornuma indi düşünýän.
---
suraý hanym, goşgularyňyza minnetdar.
üstünlikler.
ýyzzyl basyldy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]