21:32
"Göwnüme bolmasa adamlar kem-kem..."
"GÖWNÜME BOLMASA ADAMLAR KEM-KEM..."

Göwnüme bolmasa adamlar kem-kem,
Ozalky bolşundan kiçelip barýar,
Adam däller bolsa gün geçdik saýy,
Öňküsünden hasam goçalyp barýar.

Göwnüme bolmasa iýýän tagamlam,
Indi öňküsi deý süýji gelenok,
Obada bir başlyk saýladyk welin,
Gohy gelýä yöne güýji gelenok.

Göwnüme bolmasa säher päkligin,
Kirletýär ekeni kamaz tüssesi,
Gije garaňkylyk, daňdanam kamaz,
Heý bir geçermikä ýürek gysmasy.

Aşyr AŞYROW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 153 | Добавил: Tumarly | Теги: Aşyr Aşyrow | Рейтинг: 2.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gussa / Goşgular - 14.01.2022
Ähtimallyk / Goşgular - 17.01.2022
Ýaşasym gelýär / Goşgular - 11.01.2022
Ýadygärlik galsyn / Goşgular - 23.01.2022
Заморозки / Goşgular - 24.01.2022
"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022
Neçüýn söýdüň? / Goşgular - 14.01.2022
Watanym / Goşgular - 18.01.2022
Halkyň Arkadagly zamanasynda! / Goşgular - 14.01.2022
Дюны Дюнкерка / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 20
0
16 Hyýalkeş   [Материал]
Dogrusy, meni-hä başga ýagdaý bimaza edýär. Olam toý edýän öýüñ näçe gün öñünden köçede çadyr gurup ne gözel gelim-gidimli köçäni "karantil" etmekleri.

0
19 mango   [Материал]
karantil karantin

1
15 Hyýalkeş   [Материал]
Raýdaşyñ naznaçeniýesine jogap:
Şeýleräk karara gelerçe boldy
Gulaga hoş ýakýar. Neneñ onda-da
Iri-ownuk ünji, aladadyr iş
Barçasyny düñderip bir zarbada
Oklamaly zir-zibile oklan dek
Yzyña garaman gaçmaly hökman.
Çadyr agtarmaly, tapmaly çadyr
Boljakdyr ynanýan ruhuma lukman.
Mejnun çöle çyksyn, men ýaýla çykjak
(Meñzetmäñ nä, ýanañog-a söýgüden)
Ýel nirä öwüsse şo ýana baka
Melul göwnüm durky bilen öwrüler.

Şeýleräk karara gelerçe boldy,
Dertler durnañ üstüne bir urnady.
Huşum gursun, çykaýypdyr ýadymdan
Haýp, men başaramok çadyr gurmagy.
:))

0
20 Raýdaş   [Материал]
Başdan sowup bolsa aladalary
Höwür-hemra edip ala daňlary
Şapaga ogşadyp ala daglary
Gideli
Çadyr menden
Tüňçe menden
Çaý menden

:))

0
14 Raýdaş   [Материал]
Bir kurs leçeniýaň şu, ikinjini ýatdan çykar, yzyny dörjeleme, tut ýaly bolarsyň...

1
13 Raýdaş   [Материал]
Seň ol "ýürek gysmaňa" назначение ýazjak Aşyrjan:

"BOLDY, BESDIR...

Boldy.
Besdir.
Hol deräniñ göwsünde
Özüme ümsümje çadyr guraýyn.
Säher-säher agras şemal öwsende,
Ýadan ýüregimi şoña gereýin.
Ýataýyn, turaýyn belli bir wagtda,
Belli wagty iýeýin men naharmy.
Şäherden,
goh,
aladadan uzakda,
Ýok zat üçin getirmäýin gaharmy.

Howlukmaýyn.
Söz bermäýin hiç kime,
Öýüm çetde ㅡ hiç bir zady bilmäýin.
Düme oýlanaýyn,
Ýaşaýyn düme.
Gaty aglamaýyn,
Gaty gülmäýin.

Şygyrlar ýazaýyn şemal barada,
Gussajygmy ulus-ile sözläýin.
Iñrik bilen gün ýaşary arada
Ýaş bolsamam,
Gojalygmy gözläýin...."

0
5 Pero   [Материал]
Aşyr Aşyrow kimkä bi

1
17 Haweran   [Материал]
Italmaz Nuryýewiñ agtygy, ýaş şahyr.

0
18 mango   [Материал]
Tanadym öýdýän… ýutubda goşgy okanyny diňläp görüpdim…
Şahyr ýigit…

0
4 Bagabat   [Материал]
Depressiýany "Kamaz" kysymly ulag bilen baglanyşdyrmak, brende dil ýetirmek we haryt nyşanyny esassyz hem-de delilsiz tankytlamak bolýar. Haryt nyşanynyň eýesi maddy we moral zyýanyň öweziniň dolunmagy hakda hak isleýiş arzasy bilen ýüz tutup bilýär :-).

0
6 sabyrly   [Материал]
Awtor bärde ýük awtomobilleri göz öňüne tutup, "kamaz" diýip goýberipdir elektroçäýneklere "tefal"diýşimiz ýaly. Ýöne, aýdyşyň ýaly haryt eýesi arza bilen ýüz tutsa, awtora hakyky "depressiýa" boljak. :)

0
7 mango   [Материал]
"daňdanky kamaz" belasynyň nämedigini bilýänsiňizle...
kamazçy goňşyň tüssesi saňa geler ýaly edip daňdandan kamazyny otlap gyzdyrar-a.....daňdanyň ne gözel arassa howasyny zaýalap.... şo ýagdaýy ýaşap gördüňizmi?
bolýa... ýeňil maşynlar howluda saklanyp biler....
emma, indi промышленный maşynlaryň ýaşaýyş ýerinde saklanmasy dogrumy?
käsi howlusyna sygdyryp bilmän, köçäni daraldyp goýmasy dogrumy....
belki dogrudyr, näme-de bolsa öz şahzy zady....
ýöne, ýene-de "daňdanky kamaz" belasyny hiç hili aklap bilemok.... :-)

0
8 Bagabat   [Материал]
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi

351-nji madda. Asudalygyň bozulmagy

1. Gije (sagat 23-den ertir 7-ä çenli) asudalygyň bozulmagy, ýagny dürli dabaralar we baýramçylyklar geçirilende, şeýle hem öýlerde, jaýlaryň girelgelerinde we ýaşaýyş jaýlarynyň howlularynda, köçelerde, dynç alyş ýerlerinde hem-de beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde gaty sesli aýdym aýdylmagy, saz gurallarynyň çalynmagy, sesli duýduryjylaryň berilmegi, telewizoryň, radionyň, magnitofonlaryň we goh-galmagal döredýän, sesi güýçli çykýan beýleki gurallaryň peýdalanylmagy, ýaşaýyş jaýlarynda we olaryň daşynda gaýragoýulmasyz zerurlygy bolmazdan goh-galmagally işleriň geçirilmegi, şeýle hem adamlaryň kadaly dynç almagyny hem-de rahatlygyny bozýan şuňa meňzeş gaýry hereketleriň edilmegi -
binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalarynyň on dört ýaşdan on alty ýaşa çenli bolan kämillik ýaşyna ýetmedikler tarapyndan edilmegi-
ata-enelere ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara binýatlyk mukdaryň üçüsinden sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

0
10 mango   [Материал]
hem goşgy okaýas, hem kanun öwrenýäs...
gowy...
onda daňdan 7-den soň kamazyny ýarym sagat tüsseledip goýsa ol günäkär däl bolýa-da....
ikinji mesele-de bar.... musorymyzy wagtynda ýygnanoklar diýip, kä kişi hapasyny ýakýa köçede.... tualet kagyzynyň ýanyk ysynyň nämedigini bilýäňizmi?....
ys çykarjak musory ýakmak jenaýatmy?
goý, aşyr däde bagyşlasyn... goşgudan uzaklaşdyk...

0
12 Bagabat   [Материал]
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi

134-nji madda. Atmosfera hapalaýjy maddalaryň kadadan artyk ýa-da rugsat alynman goýberilmegi we ozon gatlagyny gorap saklamak kadalarynyň bozulmagy

Atmosfera hapalaýjy maddalary goýbermegiň ýa-da wagtlaýyn ylalaşylan ýagdaýda goýbermegiň, şol sanda atmosfera howasyna ýetýän zyýanly fiziki täsirleriň ýol berilýän çäkleriniň kadalarynyň we ozon gatlagyny gorap saklamak barada talaplaryň bozulmagy, şeýle hem ýörite ygtyýarly edilen döwlet edaralaryndan rugsat almazdan atmosfera hapalaýjy maddalaryň goýberilmegi ýa-da atmosfera howasyna zyýanly fiziki täsiriň ýetirilmegine ýörite ygtyýarly edilen döwlet edaralaryndan rugsat almagy belleýän Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilmezligi -
fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara – onusyna, ýuridik şahslara – onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

0
9 Bagabat   [Материал]
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi

138-nji madda. Goýberýän hapalaýjy maddalary kadalardan artyk bolan awtomotoulaglaryň we beýleki ýöreýän serişdeleriň ulanylmagy

Goýberýän hapalaýjy maddalary, şonuň ýaly-da işlände döredilýän zenzeläniň derejesi bellenilen kadalardan artyk bolan awtomotoulaglaryň we beýleki ýöreýän serişdeleriň hem-de enjamlaryň ulanylmagy -
duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň üçüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

0
11 Bagabat   [Материал]
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi

225-nji madda. Ýoluň gatnawly böleginiň daraldylmagy ýa-da ýol hereketiniň howpsuzlygy üçin wehim döredilmegi

Ýola närseleri we materiallary taşlamak, olary üýşürip goýmak ýa-da galdyrmak ýoly bilen ýoluň gatnawly böleginiň emeli daraldylmagy ýa-da ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salynmagy ýa-da onda beýleki päsgelçilikleriň döredilmegi -
binýatlyk mukdaryň 0,5 böleginden birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

0
3 Sergezzan   [Материал]
Örän ajaýyp boldy söygünin syry

0
1 Şirhan   [Материал]
Hawa, indi näme etmeli?

0
2 mango   [Материал]
Kamazlary gadagan etmeli :-)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]