15:21
"Aýa dünýäñ..."
"AÝA DÜNÝÄÑ..."

Aýa dünýäñ, aýa, dünýäm,
Şum ykbala soragçy ýok.
Menem bar-la ýöne saña,
Senden zyýat goragçy ýok.

Dünýe ýaşdyr, ýetişiersiñ,
Duýjak bolsañ ýakymyny.
Soñ daş atyp uly derýañ
Saklap bolmaz akymyny.

Saña bolsun, elýetmezim,
Rahat--gijän, şowly-bijäñ.
Gözleñ dury bolsun weli,
Bolmasyn goý, deñiz didäñ.

Gatyşsa-da ykblarmyz,
Kim bilip dur oñ paýawyn.
Dakman saña alajany,
Baglanmasyn gol-aýagyñ.

Altyn diymen, şaýlygym ýok,
Bir bar zadym meñ sözüm sen.
Gyş-u-bahar, ýazdan geçip,
Bir özüme dözmezim sen.

Sowgalmasyn mähir goruñ,
Dunýäñ çogun kalbyña so:r.
Bir gözmonjyk dakaý özüñ,
Seni goran kalp gözüm bo:r.

Bolawersin meniñ mährim,
Ykbalyña gaýa, dünýäm,
Özgelerden aýa welin,
Käte menden aýa dunýäñ.

Ahmet ARAZOW





Категория: Goşgular | Просмотров: 61 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýagyşly gün... / Goşgular - 18.01.2022
Заморозки / Goşgular - 24.01.2022
Käşgä gidip bolsa... / Goşgular - 25.01.2022
"Diýýärler agydyr ölüm bezegi..." / Goşgular - 28.01.2022
Ромео и Джульетта / Goşgular - 15.01.2022
Сфинкс / Goşgular - 20.01.2022
"Ötüp barýan mazarlygyň deňinden..." / Goşgular - 13.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
«Все понятнее свобода...» / Goşgular - 25.01.2022
Баллада о страхе / Goşgular - 26.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]