15:59
Göwnüm geçdi
GÖWNÜM GEÇDI

"Meniñ senden göwnüm geçdi..."
Aýdymdan.


Gidişiñ rast boldy ykbaly çeken,
Söýülseñ gül eken, söýseñem--tiken,
Ýaşamaga howa ýetik däl eken,
Aýryldyk, meniñ demden göwnüm geçdi.

Özüne gark etdi gözleñ akymy,
Gül ysyñden köp beripsiñ hakymy,
Baş aýlanyp, bilmän asla çakymy,
Utuldym...
Meniñ çenden göwnüm geçdi...

Saçlañ buýra, iki egniñ horjady,
Sözleriñem mañlaýym deý şorjady...
Ah, şol tüsse arzuwlarmy gorjady-
-gorjady,
Meniñ "beñden" göwnüm geçdi.

Biz rol oýnamandyk, çaldylar çapak,
Ykbal çatylmady bolsa-da sapak,
Gün ýaşyp umuman dogmady şapak,
Tümlükde meniñ dañdan göwnüm geçdi.

Takadyñ gysymlap, göwnüñi epläp,
Gahara atlansam bir gülüp, gepläp,
Döwlen arzuwlarñy her ýerden çöpläp,
Soñ ýadap, seniñ menden göwnüñ geçdi.

Oýlanýan,
Agyram-a däldi göwnüñ ölçegi,
Köp aglatdym sähel söze güljegi,
Eltip bilmän seni nurly geljege,
Bilýärmiñ, meñ özümden göwnüm geçdi.
Meniñ menden göwnüm geçdi.

Ahmet ARAZOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 104 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Aýralykda ýalñyzlyga ýan berme..." / Goşgular - 24.01.2022
Aýdaýynmy?! / Goşgular - 23.01.2022
Söýgülim / Goşgular - 13.01.2022
«Я только уснула...» / Goşgular - 26.01.2022
Pederime / Goşgular - 18.01.2022
На разлуку / Goşgular - 24.01.2022
Ýagşylygy ýaýyp ýeriñ ýüzüne... / Goşgular - 15.01.2022
Ähtimallyk / Goşgular - 17.01.2022
Мазурка Шопена / Goşgular - 11.01.2022
Dillen durmuş / Goşgular - 17.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Mahremlik   [Материал]
Gaty gowy sozum yok
Gidişiň rast boldy ykbaly çeken
Söýülseň gül eken, söýseňem tiken
Şu setirler gaty gowy prosta ylhamyň nireden gelýändigini bilesim gelýä bular ýaly owadan goşgular bn kitapçy.çom bezeýäňiz

0
1 mango   [Материал]
1) Gahara atlansam bir gülüp, gepläp…
2) Köp aglatdym sähel söze güljegi…
Şeýle bir sözlemler gurýaň welin, nädip, nädip, nädip…. diýip gygyryberesiň gelýär.
Nädip gülüp, gepläp gaharyňy getirip bilýäň?
Nädip güljegi agladyp bilýäň?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]