03:57
"Göwnüm ganat kakýar..."
"GÖWNÜM GANAT KAKÝAR..."

Göwnüm ganat kakýar.
Yşka dilnen ýüregimden gan akýar.

Ah, garagözlem men nämedeýin
garagan ýüregim aglaýar...

Ýüregimden
damja-damja gan damýar,
gözlerimden
hünji-hünji ýaş.

. . gara ýeriň gözýaşlary
gara gözüme doldy.
ýerdäki gara ganlar
ýüregime gan öýdi.
Kalbym bir Ony söýdi.
Söýdi.
Söýdi.
Diňe söýdi.

Al asmandan gelen owaz şeý diýdi:
"Her kişi söýeni bilendir" diýdi.

.. Seni söýmedigim üçin
bagyşla,
dünýä!

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 115 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.0/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dünýäde şeýleräk adamlaram kän / Goşgular - 12.01.2022
Neçüýn söýdüň? / Goşgular - 14.01.2022
Рикша / Goşgular - 11.01.2022
Ykbala haýyş / Goşgular - 14.01.2022
Daşa ýüzlenme / Goşgular - 18.01.2022
Дума вассалов / Goşgular - 20.01.2022
Деревенская любовь / Goşgular - 20.01.2022
Syrlar / Goşgular - 07.01.2022
Ýaşasym gelýär / Goşgular - 11.01.2022
Halkyň Arkadagly zamanasynda! / Goşgular - 14.01.2022



Всего комментариев: 6
0
6 Taryhçy   [Материал]
Bir zat diýsem öwgi bolar! Berekella!

1
4 mango   [Материал]
goşgyny okap otyrsyň welin, suraý hanym alýar-da goşgyny başaşaklygyna "düňderýär" otyryberýär....

ine, ilki gahrymanyň "gany we ýaşy" ýere tarap ýokardan aşak damýar-ýagýar....

Ýüregimden
damja-damja gan damýar,
gözlerimden
hünji-hünji ýaş.

...soňra, gara ýeriň "ýaşy we gany" ýerden ýokarlygyna ugur alýar, ýagýar-damýar....

. . gara ýeriň gözýaşlary
gara gözüme doldy.
ýerdäki gara ganlar
ýüregime gan öýdi.

owadan usul.
berekella.
---
Al asmandan gelen owaz şeý diýdi:
"Her kişi söýeni bilendir" diýdi.

bu hadys bolmaly, ýalňyşmasam...
---
ine, bu jemleme 10-lyga degdi.

.. Seni söýmedigim üçin
bagyşla,
dünýä!

dünýe barada, köpler sögüp, gargynyp, ýazgaryp ýazýalar....
dünýä "bagyşla" diýip ýazsaňam boljak eken....

bagyşla dünýä, men seni söýemok.
bagyşla dünýä, söýgülim başga.
bagyşla pany, men baka aşyk.
bagyşla dünýäm, meň dünýäm başga.
...bu sözleri, gaýtalap ýörmeli etdiň.....
galamjygyň döwülmesin, suraý hanym, ýazyp dur.....

0
3 Edebiyatcy   [Материал]
Ony söýýändigiň begendirdi. Ýöne bu dünýä-de Onuň ýaradan zady...

0
5 mango   [Материал]
goç kaka. ähli zat Onuň ýaradany.
elin ýumurtga bilen фабричный ýumurtgaň tapawudy bardyr-a.
iki dünýe ýaradansoň, saýlamaly bolýar, elbet-de panysyny däl-de bakysyny saýlamaly bolar.
ýöne bakyň nämedigini bilmek üçin pany gerek....
ana, şoň üçinem panynam azajyk söýseň bolar, bakyny tanadany üçin... :-)

0
2 Gumlygelin   [Материал]
Goşgy oýlandyrdy.

0
1 Yusup   [Материал]
Siz Sakarçägelimi uyam?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]