06:16
Oñşuk
OÑŞUK

Ýigrimbäş
beýnime gurt düşen wagty
ýaşdaşlarym asyk, gyza haýranka
pyçgy, çekiç
gaýnamy ters ýaldyrak
ýalaňaç aýagmy basyp ot beňkä
atama zeýrenip hem edip haýyş
gygyrdym: atajan, bir jumgany geç!
jumga gün il ýaly
dynç almak gerek.

gyýyp otyr gyýylçakly galaýy
başyny galdyrman, gaşyny çytman
men gygyrdym
emma ol sesin gyrman
ýa-da gygyranym ýüzüne alman
emaý bilen diýdi: hany, aýt balam
bokurdaga dynç ýok wagty ýeke gün
jumga gün işleýän adam däl diýdiň
diýsene, jan ogul, o nähili, neneň?
şu çata dakylýan parça-parany
haçan getirerka diýip jan eneň
ballyň dokuzyny jübt etjek bolýar
agaňa gelinlik gözläp çatmadan
garaz käbir zady mugt etjek bolýar
a sen bolsa oýna gyzyp jumgany
eptäň günlerinden syljak bolýarsyň
jan ogul, ýetmişi işläp gajyýan
ataň ýagdaýyny özüň bilýarsiň
inhä Ispahana danyşga gitseň
ýanyma kim gelse ýarpa çekişer
alybilse allasyny gözlemez
özin usta saýyp takal okuşar
jan ogul, bu oňşuk
oňuşmak diýmek
günüň gyşarmasa sen bir az gyşar
kösenmege öwrenşen soň adamzat
jumgany hem işlemege öwrenşer.
inmelisiň geçmek üçin olumdan
adamzat tohmunda uçup geçen ýok
öň aýagyn açyp başyn egmedik
akyp duran çeşmeden suw içen ýok.

Ýusup SAPAÝY.





Категория: Goşgular | Просмотров: 118 | Добавил: hayalsaya | Теги: Ýusup Sapaýy | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Guşlar güldi için tutup..." / Goşgular - 13.01.2022
Edebi ýañsylamalar / Goşgular - 15.01.2022
Täze ýyl hakykaty / Goşgular - 04.01.2022
Bagyşla / Goşgular - 14.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022
Монахиня / Goşgular - 12.01.2022
Söýgülim / Goşgular - 13.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 10
0
Umuman şular gaty armanly özä. Sizi nähili galkyndyryp, begendirip bolarka diyip köp oylanýan. Başagay bolup ýören wagtymam şu adamlar ýadyma düşyär

0
Çeşme tapsak içyäs bizä. Ayagynam bilemzok, eteginem. Çeşme suw bolyar Ab çeşm hakda gowy zatlary ýazyñ

0
8 Mähriban   [Материал]
Örän gowy goşgy. Bir gowy şahyryň gowy goşgularyny okaýandygymyz üçin biz diýseň bagtly. Köp sag boluň!

0
7 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Haweran, Ÿüsüp aga Arap hatynda ÿazylan tekti aÿyryñ diÿip haÿyš etdi, hem-de gošgynyñ adyny hem ÿazsañyz gowy bolar: "Oñšuk"

0
5 Hyýalkeş   [Материал]
Dogrusy, kä ýagdaýlar (kä adamlar) sebäpli soramaga çekinýänem welin, "jumga" nämekä?

0
6 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Mahym ÿegen çekinmän sorabermeli, "Jumga" sözi Eÿran Türkmenleriniñ dilinde anna güne diÿilÿär, siz 5-nji gûn diÿÿärsiñiz öÿdÿän. Ÿene bir delje söz "danešga" sözi Uniwersitet manyda

0
4 Haweran   [Материал]
Ýusup aganyñ gowy goşgulary bar eken. Dowamyna garaşýarys. Yzy gür bolsun.

3
3 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Bu goşgy Ýusup Sapaýynyñ goşgusy. Ol Türkmensähranyñ Kümüşdepe şäherinde ýaşaýar, Dilçi alym. Türkmenleriñ ýörite hormatlaýan halypa edebiýatçy ýaşulusy.

0
2 Myhman0430   [Материал]
Arap hatyndakam türkmen dilinde eken.

Awtory eýranly türkmenlerden bolmagy ahmal.

1
1 Tumarly   [Материал]
Goşgy kiminkem bolsa gowy eken. Kiminkidigini bilsek has gowy bordy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]