19:52
Goşgy näme?
GOŞGY NÄME?

Eýranyñ milli şahyry Ahmed Şamlu bilen geçirilen bir gepleşikde, onuñ "Goşgy näme?” diýen soraga gaýtaran jogabyny, Ýusup Sapaýy sözme-söz däl-de, erkin suratda terjime edipdir, hem-de şonuñ tekstini kitapcy.com saýtynda goýmagymyzy isläpdir.

…. Goşgy gös-göni ýaşaýyşdan çogup çykmajak bolsa,ýa-da meniň her günki depäme tokmak bolup inýän ünji-aladalarymdan bihabar boljak bolsa, men oňa goşgy diýip bilmerin. Goşgy şol gürpüldäp inýän tokmagyň özi ahyry, mundan başga bolup hem bilmez. Emma hasap-hesip edip şol gürpüldini goşga öwrüp ýazaýyn diýsem bolanok, ol meniň garaşmadyk, oslamadyk bir pursadymda, men bilen geçirlen haýsy hem bolsa bir ajy-süýji ýagdaýda böwsüp çykýar. Goşgyny ýazyp bolanok, beýle zat başartmaz, başarsaň hem ol bir görülen dişi gürrüň beren ýaly bolar. Emma asyl goşgy başdan geçirlen tejribäni sen bilen bileje başdan geçirip dogýar. Ol goşgy gürrüň däl, ýa bir zadyň waspy däl, ol goşgy şol geçirlen ýagdaýyň özi. Şonuň üçin-de dogandan soň ol goşgyň saňa baglylygy ýok, sen oňa düşündiriş berip bilmersiň. Ynha, ol özüne sejil ýazdyran bir dogma. Ony düşünjek bolsaň, on bilen ysnyşmaly, ysgaşmaly, hemra bolup ýaşamaly, onuň başyndan geçirip dünýä inşine belki gaýtadan şaýat bolmaly.
Meniň goşgymy döredýän, ýöredýän, ýortdurýan we büdredýän düýp sebäp ýaşaýyşyň özi. Meniň goşgym meniň ýaşaýyşym. Şonuň uçin-de onda zerre ýalan ýok. Men başymdan geçirmedik ýagdaýymy goşguda sygdyryp bilmerin, beýtsem ýalançylyk bolar we ýalana bezelen goşgy meniň ýaşyrjak bolýan aýybymdan başga zat däldir, ol maňa bir ysnatdyr, meniň ýüregimiň kiridir. Ol goşgy özüne sejil ýazdyryp bilmez, menden üzňe ýaşap bilmez.
Hawa, meniň goşgym meniň ýaşaýşym. Men ir wagtdan bäri gaýgyda, gorkuda ýaşaýaryn. Adamlaryň garyp güni, olara bolýan adalatsyzlyklar gara basalak bolup meni basýar. Diňe düýşümde däl, hatda oýakam olar meni öz erkime goýanok. Adalatsyzlyk maňa öwrenşen, ol meniň köne duşmanym, şonuň üçin hem mydam menden aryny aljak bolup başyna gaý. Daşyma aýlanýar, duzak gurýar, her dürli doga-jadylar bilen meni okap otyr. Onsoň men ony nädip unudaýin, ol meniň başyma düşen musallat, dursam, sen meni äsgereňok diýýär, ýöresem, sen halky äsgereňok diýýär.
Meniñ goşgym, ynha, şu adalatsyzlykdan dogýar, ynha, şu erkegi çökeren adalatsyzlykdan. Onsoň onuň hemme yzalaryny, ezýetlerini diňe agyz doldurýan, samsyga çyn, wezipe ady bilen çydap çekmeli bolýar, ýogsam eliňden geljek näme, gürpüldiniñ sesi has gatyrak çykanda "içinde özüm hem bardym” diýäýmeseň….

Ýusup SAPAÝY.





Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 92 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Теги: Ýusup Sapaýy | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Söhbetdeşlik bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 5
0
5 Mähriban   [Материал]
Ybraýym aga, okyjylara örän manyly söhbetdeşligi ýetirdiňiz!
Ajaýyp şygyrlaryňyz, bize berýän ýerlikli maslahatlaryňyz üçin, Alla iki dünýäňizi abat eýlesin! Hormatly şahyrymyz Ýusup aganyň ömri uzak bolsun! Alla ýalkasyn!

0
4 Garayolly1936   [Материал]
Eger hasratly goşgyny toparlara bölmeli bolsa, esasan, iki topar göz öňüne gelýär. Il derdine aglaýan goşgy hem~de ýazan kişiňiň hasrstyna zarynlaýan goşgy. Eýsem, bu ýerde iki ugruň biri~birine baglanşygy barmy? Bar elbetde. Onda~da örän berk dahyllylygy bar. Iliň derdi şahyryň kalbynda galagoplylyk döredýr we onuň ruhyýetinde şahsy ,, emläge" öwrülýär. Şeýlelikde özgäniň, anygy iliň~günüň hasraty şahyryň kalbyndaky hasrat bilen umumy birigýär. Şu görnüşde umumyhalk gam~gussasynyň bir kiçijik bölegi şahyryň köňül hasratyna öwrülýär. Ybraýym Badahşany gowy makala goýupdyr. Sag bolsun.

0
2 Haweran   [Материал]
Ýusup aga sag bolsun. Size-de minnetdar Ybraýym aga. Bizi, türkmenistanly kowumdaşlaryny, gadyrly okyjylaryny sylap, ýazgylaryny şu ýerde paýlaşmak isländigi üçin Alla ömrüni uzak etsin.
Diñe türkmensähraly türkmen şahyrlarynyñ däl, eýsem goñşy ýurtlaryñ şahyrlarynyñ hem kitapcy.com saýtyna ünsleriniñ düşjegine begenjimiz çäksiz.

0
1 mango   [Материал]
Ol goşgy gürrüň däl, ýa bir zadyň waspy däl, ol goşgy şol (başdan) geçirlen ýagdaýyň özi.

Wasply ýerine düşündim welin, ol başdan geçen ýagdaýy, düýgyny, täsiri (özboluşly) gürrüň bermän nädip aýtmaly?

0
3 Bagabat   [Материал]
Iňläp.
Hasrat bolsa.
Gülüp.
Şatlyk bolsa.
Sowukganly.
Adatylyk bolsa.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]