17:31
Goşgy näme?
GOŞGY NÄME?

"Goşgy näme?" diýip soraýarsyňyz, -
Ol pylan zat diýip aýdyp bolanok.
"Ol şeýle-şeýleräk bolmaly" diýýäň,
Ýöne goşgy göz öňüne gelenok.

Men bir goşgy gördim, on dokuz ýaşly,
Galam gaşly däl-de, gözleri ýaşly
Gyzyň gözünde.

Bir goşgyny gördüm -
çagajygyna
Guwanýan gözünde bagtyýar gelniň.
Soň duşdum başga bir bäbeksiz gelne,
Dözmedim, gyýyldym, amana geldim.

Bir ýigide duşdum ol gün arada,
Ýylgyrýar ol,
ýöne tukat gözleri.
Goşgy diýilýänem tapylýandyr,belki,
Şol gözlerden özi üçin sözleri.

Bir ene bar, "Bolýa-da..." diýip gezip ýör.
Bili bükük. Nadyl borly oglundan.
Belki, goşgydiýlen içinden aglap,
Ähli gussasyny alandyr şondan.

Bir goja bar. - Daşa meňzeş gözleri.
Ol aglanok, ýylgyranok, gülenok.
"Goşgy näme?" diýip soraýarsyňyz,
Onuň nämedigni aýdyp bolanok.

Orazmyrat GURDOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 95 | Добавил: Aziza | Теги: Orazmyrat Gurdow | Рейтинг: 3.5/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Täze ýyl hakykaty / Goşgular - 04.01.2022
Дело о поджоге Рейхстага / Goşgular - 11.01.2022
Barsam atamöýmüze / Goşgular - 08.01.2022
"Dünýäm saña näme boldy?" / Goşgular - 05.01.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022
"Ýyllar geçse, agraslansam..." / Goşgular - 12.01.2022
Şygry söýýän / Goşgular - 12.01.2022
Güýz parçalary... / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 4
0
4 Revo   [Материал]
Türkmenlerde ylahyýetleşdirmek ýiti duýulýar. Ýogsa, goşgy - garşydaşyňa pikiriň ýiti täsir etmegi üçin çeperleşdirilen nusga salynan görnüşi.

0
2 agza101   [Материал]
Goşgyň nämä gerekligini soramak ýalňyş ýaly. Biz emosional haýwanlar (primatlaň nesli hökmünde). Gepläp başlamyzsoň, goşgyň döremegi üçin ähli şert ýerine ýetdigi bolýar.
Ýöne bu goşga şowly diýip bolmaýar. Iki bend arasynda agzap geçilenleň aglabasy ýeňil duýgudaşlyk. Tristan Rêveur-ň (film gahrymany) aýdyp geçişi ýaly: "Bad art is more tragically beautiful than good art because it documents human failure".

0
3 MмС   [Материал]
Hawa, şygyrsöýer adamlar uçin hasam ýalñyş baryp ýatan gödek sorag. Hudaýa berlen Haky söýýän adamdan Hudaý kim düşündir diýen ýaly bir zat bolýar ýöne şol adam şol sorag bereni naçe islemese de kanagatlandyryp bilmese şol zada bolan ynam gaçýar. Goşgam şoñ ýaly nämä gerek diýýänlere ilki jogap tapmaly. Bolmasa iki sany duýgucylyñ oýunjagy ýaly bir zat bolup galyar.

0
1 MмС   [Материал]
Ilki nämä gerekligini kesgitläp bolsady käşgä?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]