18:08
Goşgy bor
GOŞGY BOR

Ýüregimiñ söýgüsini bilsediñ,
Gabanyp ýörmezdiñ özüñi örtäp.
Diýmezdiñ: "Ynanýañ! boldy bes ediñ,
Onsoñam galanny pikir et, gör-dä...

Bir saz gural çalýan bolsam eger-de,
Waspyñy ýaýardym, älem diñlejek.
Çekýän bolsam, keşbiñe baş eger-de,
Hyrydarlar kän bor suratyñ aljak.

Bilýän bolsan aýdym aýdyp iñ bolman,
Aýdymmy aýdardym diñe sen hakda.
Könelmejek ol aýdyma hiñlenmän,
Durup bilmez bir adamam soñ hatda.

Gynanamok, döretmäýin, goý, sazy,
Suratkeşlik berilmändir nädeýin?!..
Diýmesinler: "Bar oñ täsin owazy"
Gowsy saña şygyr bagyş edeýin!

Şygyr şirin mukam bolup dörär-de,
Suratkeşleñ haýran galjak keşbi bor.
Aýdym bolar, söýgüleri köreder,
Hem sen hakda könelmejek goşgy bor.

Batyr ÇARYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 43 | Добавил: Haweran | Теги: Batyr Çaryýew | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şahyrlar bir gezek söýýän däldirler / Goşgular - 15.03.2021
Adam / Goşgular - 21.03.2021
Любовь / Goşgular - 05.04.2021
Bagtyñ suraty / Goşgular - 24.05.2021
Derýam / Goşgular - 02.06.2021
Geläýjek ýaly / Goşgular - 29.05.2021
Dünýäñ aýdymy / Goşgular - 03.06.2021
Bagyşla meni / Goşgular - 12.02.2021
Seni görmedim / Goşgular - 08.02.2021
Pursat / Goşgular - 08.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]