22:15
Goşgy
GOŞGY

Men ýazyp bilemok, ýazman bilemok,
Men ýagyp bilemok, ýagman bilemok.
Gün ýaşýar her agşam serip gollaryn,
Men bolsam henizem dogup bilemok.

Günüñ syçran şöhlesini diýsene,
Adamlara ýagtylygy paýlaýar.
Gowgaly dünýede, bagtly dünýede,
Gör, niçeler bagtsyzlykdan aglaýar.

Belki, şahyrlaryñ azlygy üçin,
Pyraga, Puşkine uýýandyrys biz.
Ýa-da betbagtlañ barlygy üçin,
Uly bagta sarpa goýýandyrys biz.

Ýaz gelýär, guşlary, gülleri bilen,
Dagdan güwläp inýän silleri bilen,
Eger şahyr bolsam ahyrsoñunda,
Dagly hem sähraly illerim biler.

* * *

Şirmaýy daragyñ goýup gidipsiñ,
Şir ýaly ynamym alyp öýümden.
Şondan bäri ýalñyzlygyñ hesretin,
Hiç çykaryp bilemok men küýümden.

Daragyñda saçyñ ysy gelip dur,
Ýüregimde bolsa parlaýar yşkyñ.
Göze görünmeýän perişde bolup,
Meni nirä barsam barlaýar yşkyñ.

Saña bolan söýgim - baş syrdaşym
Her işde ol söýgi maña geñeşdar.
Diñe saña bolan söýgiñ tugunyñ,
Aşagynda maña ýeñiş garaşýar.

Durdymuhammet GURBANOW.

"Sowet edebiýaty" žurnaly, 1983 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 33 | Добавил: Haweran | Теги: Durdymuhammet Gurban | Рейтинг: 2.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Bütin älem jahan hem..." / Goşgular - 17.02.2021
Şahyra / Goşgular - 31.05.2021
Ýygra söýgi / Goşgular - 31.01.2021
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
Haýyşym... / Goşgular - 05.04.2021
Güýz goşgulary / Goşgular - 08.02.2021
Ahyrzaman bolar / Goşgular - 13.01.2021
Giderin... Gideýin... Gitdim... Gitmesene... Gitmerin... Git... / Goşgular - 22.05.2021
Arzuw / Goşgular - 23.03.2021
Doglan günüñde / Goşgular - 06.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]