21:27
Goşgy
GOŞGY

...Hatda, saňa huşumda-da sataşdym,
Didäň ýalynyndan eräpdim tas men.
Şükür, yşkyň urgusyndan çat açdym,
Indi ömrüň zarbasyndan halas men.

Dabaraly bakyşlaňdan ynjalyp,
Az, ýöne uz duşuşykdan meý-mesem.
Razy, göwnüň bir künjünde dynç alyp,
Göni geljek ajalymy peýlesem...

Sogap ýok mähriňi sormakdan gaýry,
Günä bolsa-bolubersin höwesim!
Geçse galan ömrüm ömrüňden aýry,
Kyrk ömürem dolup bilmez öwezin...

Sapa HOMMADOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 67 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 2.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Hazar depderçesi / Goşgular - 14.02.2021
Sen hakynda / Goşgular - 16.03.2021
Eje / Goşgular - 03.03.2021
Под лаской плюшевого пледа… / Goşgular - 08.04.2021
Penjiräňi aç! / Goşgular - 16.03.2021
„Gözleglerim boşa gitdi barybir...“ / Goşgular - 18.02.2021
Igde gülleri... / Goşgular - 26.02.2021
Kem-kemden / Goşgular - 16.03.2021
Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
Soltansöýünden 40 gazal / Goşgular - 01.02.2021



Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
Şükür, yşkyň urgusyndan çat açdym,
Indi ömrüň zarbasyndan halas men.

bir gezek çat açdym diýip, galan ömrüňe çat açmakdan (zarbalardan) halas bolandyryn öýtseň, ýalňyşýaň sapa däde. :-)

Razy, göwnüň bir künjünde dynç alyp,
Göni geljek ajalymy peýlesem...

peýlemek -
1) Biriniň yzyna gizlin düşmek, ogryn garamak, ogryn yzarlamak, aňtamak.
2) Bir zadyň amatyny gözlemek, amatyny tapjak bolmak, maý agtarmak, çemini gözlemek.

goşgudaky peýlemegi garaşmak manysynda diýmek islediňiz öýdýän.
häzirki ýagdaýda-ha ol "meý-mesem"-e ýoldaş bolup duran "peýlesem" ýaly....

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]