13:56
Goşgular çemeni
"Galkynyş eýýamynyñ bagtyýar zenanlary" atly bäsleşige

• Oba hakynda oda

Şäherleriñ enesidir obalar,
Şäherleñ - perzentleñ "düzde" hyýaly.
Bizem käte enemizi unudýas,
Şäherleñ obany unduşy ýaly.

Bizem bir obada ulaldyk bezzat,
Tilsimin öwrendik gorkman çiligiñ.
Çünki oba diñe çilik, düzzüm däl,
Dowam edýän ýeri türkmençiligiñ.

Onuñ adamlaram özboluş sada,
Ol ýerde günortan ýa-da agşam ýok.
Obada zähmet bar - şu beýik kada,
Boýun bolman myradyna gowşan ýok.

Ýeri bolýar, oba öwgä mätäç däl,
Mätäjem däl özün goramaklarna.
Ol diñe mätäçdir ak şäherleriñ
Perzentlerniñ halyn soramaklygna.

• Göwün

Meniñ bir elýetmez arzuwymam ýok,
Kän bagtam islämok täleýnamadan.
Şükür, baldyryma ýeterlik bagtym,
Ezýetlermem bagta goşup sanadym.

Şükür, gidip barýan ýolum gutarmaz,
Gözlerimde ahmyr, ökünjimem ýok.
Juda razy, men bir zada düşünýän,
Haka şükür, men kän zada düşnemok.

Gara gözlerim ýok gijäniñki deý,
Ýöne günler kimin päkdir hyýalym.
Gunçadan gül ýasap, güllerden çemen,
Güne sary ýol arçaýar diýarym.

Şükür, ynsan göwnün bilemok ýykyp,
Adamlary söýýän, ýigrenmek ne kyn.
Ynsan göwni näzik, ýöne meniñem
Azajyk göwnümiñ bolmagy mümkin...

• Düşünmek

Örän takyk geçýär gije we gündiz,
Haýalrak ýöreýän biri men dünýäñ.
Haka şükür, alyp barýan gussam ýok,
Ýöne azam bolsa, gussa düşünýän.

Ýatanyñ üstüne bagtam gelenok,
Turanyñ bilenem gelenok, bilýän.
Haka şükür, baş aýlaýan bagtym ýok,
Ýöne azam bolsa, bagta düşünýän.

Dünýä öñe barýar. Haýalam bolsa,
Menem onuñ bu işine goşulýan.
Kiçijik dünýäm bar, şonuñ üçinem,
Azajygam bolsa dünýä düşünýän.

• Gabanmak

Çala gabanýardym seni illerden,
Indi gabanýaryn bütin durşuma.
Gözelligñe haýran gözel iller hem,
Seni söýüp has düşündim durmuşa.

Sen meniñ ýüregme ornaşdyñ welin,
Ganly damarlardan gan akman misli -
Seniñ adyñ akýan bolara çemli,
(Ýollarda duşuşýas, sözleşýäs resmi).

Bu gün şem yşkyna ýazýan adyñy,
Hem-de şol şem bilen bir jaýda ýanýan.
...Öñ özüñi gabanýardym illerden,
Indi bolsa adyñy hem gabanýan...

• Bilýänem dälsiñ

Seni juda söýýän, meniñ baş söýgim,
Söýmeýşiñ bagrymy dilýänem bolsa.
Diñe sen bagtly bol, bagtly bol, dünýäm,
Aglaýanam bolsañ, gülýänem bolsañ.

Howlugýaryn señ ýanyña barmaga,
Ah, barýan-da söz tapamok gürläre,
Kitap soran bolýan söýgi sormaga
Derek bahanamy bilýänem dälsiñ.

Henizem tamamy dañamok tala,
Ýürekde señ söýgiñ güýjeýär diñe.
Söýdüm men, söýýärin, söýerin ýene,
Hatda señ söýgiñden ölýänem bolsam...

Suraý BABANYÝAZOWA.

"Nesil" gazeti, 06.03.2008 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 36 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýyldyrym / Goşgular - 27.01.2022
Eje / Goşgular - 15.01.2022
Ýagşylygy ýaýyp ýeriñ ýüzüne... / Goşgular - 15.01.2022
Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022
Зависть / Goşgular - 24.01.2022
Ýitmek / Goşgular - 12.01.2022
"Aýralykda ýalñyzlyga ýan berme..." / Goşgular - 24.01.2022
«Ты тайна тайн моих...» / Goşgular - 25.01.2022
Jigime nesihat / Goşgular - 13.01.2022
Aglar / Goşgular - 18.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]