07:28
Goşgular

GOŞGULAR

Köşeşenok seni görmek höwesim,
Ýyllaň kenarynda gol bulap galan.
Sen hakdaky arzuwlarmyň böwedin
Ýogsa men henizem ýykmakçy däl-ä!

Şu günüme bagt diýip düşünýän,
Çünki meni bar alada edýänler
Hem olaryň gaýgysyndan üýşenýän,
Sebäp, kä hal uzaklara gidýän men.

Gözellige edýän öz-özümçe syn,
Güle aşyk gözi bilen bakýaryn.
Görüp onuň açylmadyk gunçasyn,
Söýgimdenem damja-damja sykýaryn.

Öňkim ýaly çykýan gezelenje-de,
Gezmek endigime öwrülen borly.
Onsoňam parahat bu gijelerde
Ukyňa degmedik dert, heý, dert bormy?!

Hawa, men henizem ýykmakçy däl-ä
Sen hakdaky arzuwlarmyň böwedin.
Ýöne nämüçindir düşemok, läläm,
Köşeşenok seni görmek höwesim.

*  *  *

Seret!
Bimahal syrygan gözýaşlaryňdan
Elýaglygyň ezilipdir bireýýäm.
Näme sebäp boldy?
Biwepalykmy?
Senden ýüzün öwrüp bilen ol haýýar
Ýaşap bilse, ýaşasyn, goý, ýazykly.

Senem beýle ýalançyny unut-da,
Bu pursatlaň ajan gussalarny däl,
Aşyklaň iberen hatlary ýaly,
Zol-zol berjek ýylgyrşyny alyp gal.

Hemem bezen aýnaň öňüne geç-de,
(Nije gün geçipdir bezenmäniňe!)
Öz-özüňe timar berip durşuňa,
Öz-özüňi bagta ýar duý, şükür et
Begenip şu pursat begenýäniňe
Hem ýadyňda sakla,
                                 aglama hergiz,
Heniz seni ýylgyrtjaklar dirikä.

*  *  *

• AHWAL

Bilýän indi meni ýatlamarsyň sen,
Meýilli däl ýatlanmagma özüm-de.
Öz keşbimiň ýoklugyny bilýärin
Köp oglanlaň keşbi galan gözüňde.

*  *  *

• DUŞUP...

Hyýallardan hyýallara gatnadym,
Munda ylham diýen ejire duşup.
Islegim däl, isleglerne utgadym,
Munda ylham diýen kejire duşup.

Gurbatlandym, ejizligi syntgadym,
Munda ylham diýen gujura duşup.
Göz-görtele, öňkimden has üýtgedim,
Munda ylham diýen täjire duşup.
Munda ylham diýen näjüre duşup...

Wepa PIRNEPESOW.






Категория: Goşgular | Просмотров: 63 | Добавил: Pegas | Теги: Wepa Pirnepesow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Seniñ adyñ / Goşgular - 29.01.2021
Derýam / Goşgular - 02.06.2021
Huşsuz nazarym / Goşgular - 12.02.2021
Goşgular / Goşgular - 16.03.2021
Doganlarym / Goşgular - 09.01.2021
Men seniñ ýanyña barýan / Goşgular - 09.02.2021
Kirşenowdan goşgular / Goşgular - 15.03.2021
Söýgi goşgusy.. / Goşgular - 06.04.2021
"Ajal alyp barýar adam jesedin..." / Goşgular - 12.04.2021
Gizlin / Goşgular - 19.03.2021



Всего комментариев: 1
0
1 Allanazar   [Материал]
Oňat setirler, galamy ýiti bolsun. Wepa üstünlik arzuw edeliň

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]