10:02
Goşgular
Bilýänem dälsiňiz...
Ençeme ýyl öň
Gyşyň bir güni
Menem doguldym.

Aladaçyl ejem
Söýgüsi bilen
Ulaltdy-da, ýola salyp goýberdi
Görkezen dünýäsinden.

Şoň üçin şindem
Ejemiň söýgüsi,
Aladasy ejemiň
Ýüregimde, serimde
Görünip du:r,
Görünip du-ur...

Soňra bir gyz meni söýdi.
Yşkyna bäs gelip bilmän,
Meni söze öwürdi,
Aýdym edip aýtdy
Endiredip jahany.

Ol aýdym şindem
Ýaradanyň dünýäsinde
Ýaňlanyp du:r,
Ýaňlanyp du-ur...

Ejemiň söýgüsin,
Aladasyn ejemiň,
Ýarymyň wepasyn,
Beren dowamyn
Taýlap egnime,
Barýan ýolumdan...

Bilýänem dälsiňiz...

*  *  *

Kimem bolsa biri
Uzakly gije
Eýläk-beýläk ösdürip
Ozal hem däli ýeli,
Gar tozgasyn timarlap
Goýuşdyryp çykypdyr.
Duýulýar Kämiliň eli.

Duýulýar Kämiliň eli.
Eýe Ol uly güýje:
Asmany çaýkap, eläp,
Zeminde ýel uwladyp,
Taýyn edip goýupdyr
Ter, tämiz säher,
Ap-ak başlangyç.

*  *  *

Ýolumyz deň gelip sataşanmyzda
Ýüzüň açyk seredeniň —
Söýgime döreden umydyň...

Soň bir toýda “salam” diýsem,
Beren mähirli salamyň —
Söýgime döreden ýodaň.

Şol ýodada aýdan söýgi sözüme
Beren jogabyň
Söýgime çekilen ýol boldy.
Şol ýol bilen hem seni
Bir sähetli gün
Gelnaljylap gaýdaryn.

*  *  *

Men barýan.
Sen barýaň.
Ol barýar... —
Bu belli hemmä.
Emma...

Wepa PIRNEPESOW




Категория: Goşgular | Просмотров: 71 | Добавил: Pegas | Теги: Wepa Pirnepesow | Рейтинг: 5.0/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýyllar geçip barýar / Goşgular - 12.02.2021
Söýgi goşgusy.. / Goşgular - 06.04.2021
Gapy kakýan ýok / Goşgular - 15.03.2021
Şahyrlar bir gezek söýýän däldirler / Goşgular - 15.03.2021
Melegiñ aýdymy / Goşgular - 10.02.2021
Guşjagazym / Goşgular - 16.03.2021
Doganlarym / Goşgular - 09.01.2021
Indi giç / Goşgular - 15.03.2021
Göreş / Goşgular - 20.03.2021
Goşgular / Goşgular - 26.05.2021



Всего комментариев: 3
1
3 mango   [Материал]
...söýgüsi, aladasy ejemiň,
Wepasy ýarymyň....

baý buuuu.
bu taýsyny bilmändirinem, görmändirinem..
"ýarymyň Wepasy" diýýär-ä....
ýaryny ýatlaýakada özüni ýatlaýaraý....
ejemogly, egoist diýsänim... :-)

1
2 mango   [Материал]
beýleki goşgularam haladym....
soňkuja, tyňkyja goşga dagy höwes etdim...

Men barýan.
Sen barýaň.
Ol barýar... —
Bu belli hemmä.
Emma...

...emma, emma we läkin...
berekella.
arkaýynlykda bagşa goşşulaňňy okamakçy, nesip bolsa...

1
1 mango   [Материал]
wepa kakaň birinji goşgusy gowy eken.
ýekeje belligim bar.
nämeüçindir gyz oglany söýýä, oglan bolsa gyza hiç üns bermeýär, ýöne ejesini welin hiiiiç ünsden düşürmeýär.... ejemoglyjyk. :-)
"Bilýänem dälsiňiz..."
bildik. bildiripjik dur. :-)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]