20:32
Goşa ikilik
GOŞA IKILIK

Paýyňa berlenäm bolmaz üýtgedip,
Her kime, her ýerde dürli berilýär
Pikire çümdürýän sorag üýtgeşik,
Ýaşym ulalýarmy?
Ömrüm kemelýär?

Köp zat islemerin derwüş ömürden,
Ýakynlarym bolsa, daşymy gerse
Näçe bolsa bolsun, gorkman ölümden,
Allam göwne görä ýaşymy berse

Ykbal arzuwymy bitirmez eli:n,
Ýöne arzuwlarym mydam ýaşaýar
Erte güniň kepilligi ýok welin,
Erte ýyllaň umydynda ýaşaýan...

Ömrüm bir çetinden gädilip barýar
Iki, üç. Köpçülik.
Soňam Ýekelik
Nire bolar, näçe bolar, kim bilýär ?
Häzir-ä bagtymda goşa ikilik...

Ylham GURBANALYÝEW





Категория: Goşgular | Просмотров: 135 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Bagt / Goşgular - 11.01.2022
Алоэ / Goşgular - 18.01.2022
Dünýäm / Goşgular - 23.01.2022
Ýyllaň geçýänine gynanamzok biz..." / Goşgular - 23.02.2022
Debýut / Goşgular - 21.01.2022
Aýralyk / Goşgular - 02.02.2022
Дачный роман / Goşgular - 11.01.2022
Gysga şygyrlar / Goşgular - 27.02.2022
Ejeme hat / Goşgular - 23.02.2022



Всего комментариев: 5
0
5 Banuçiçek   [Материал]
Berekella :)

0
1 Gülmahym   [Материал]
Soñunda düşünmedik bolsamam goşgyny gowy gördüm, üç okabam düşünmedim soñunda

0
2 Alchemist23   [Материал]
Salam. Haýsy ýerine düşünmediňiz?

0
3 Gülkeşde   [Материал]
Ylhamsöýünmi siz?

0
4 Alchemist23   [Материал]
Salam. Ýok

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]