12:33
Görümde
GÖRÜMDE

Seniň bilen nurlanýady bu dünýäm,
Senden aldy mätäç kalbym teselli,
Saňa duşan günim giňedi dünýäm,
Ýaşaýyşa höwesim has köpeldi.
Söýüp seni has dogrusy telbe deý,
Daşdan synlap jemalyňa guwandym,
Hyýalymda, seni özümki saýyp,
Gijelerne düýşler bilen oýandym.
Ýyldyzlar hem seniň gözüň ýatlatdy,
Agras asman bolsa, agras ýaňagyň,
Şeýdip mende yşk ataşyn otlatdy,
Käte, agy gurşap dolup damagym,
Güýç alyp söýgümden, möwç alyp söýüp,
Ine, şeýdip aýlar-günler aýlandy,
Geçdi günler agyr lybasyn geýip,
Geçen günlem geljegimden saýlandy,
Söýmediň sen, goý söýmeseň, söýme sen
Söýerin, men seni, ýene söýerin,
Bolşum belki saňa duýulyandyr geň,
Düşünmersiň, käşge aňyp bilsediň,
Kynlygyny ýaşamaklygyň sensiz.
Duýdansyz inderdiň, derdiň dagyny,
Eştmez bolsa, bu habary gulagym,
Hyýalda hem alyp menden baryny,
Söndi, şugla saçýan nurly çyragym.
Saňa sawçy gelenmişler mähriban,
Diýen gürrüň bütün oba ýaýrady,
Gep açsalar seniň toýuň barada,
Ýürek ynanmady, ýanyp gaýnady,
Günler gelip hakykatda öwrülip,
Sähediň bellendi, bellendi toýuň,
Sygdyryp bilmedim muny oýuma,
Ine, maňa ölüm habary deýin,
Çakylyk gelmezmi seniň toýuňa.
Goňşulaň, joralaň bary bagtyýar,
Kimse, tans oýnaýar, kimsäň wagty hoş,
Boş göwrä öwrüldim, galman ygtyýar,
Indi sen hakyky el ýeterden daş.
Toý ulaglaň atgulagyn galgadyp,
Geçip gitdi şowhun bilen ses edip,
Ykbalymy, zaryn dünýäm agladyp,
Bütün göwräm sandyrady, ysgynsyz,
Bu durmuşda, betbagta öwrülip,
Hem öwrülip, ýalňyz galan ynsana,
Göýä gursakdaky ýürek sogrulyp,
Döndüm boşap, galan jansyz ynsana.
Aýlar ýyllar bolup, günler aý bolup,
Geçdi agyr leşger basyp üstümden,
Sen özgäniň ýary bolan bolsaňam,
Sen özgäniň gujagyna dolsaňam,
Adyň gaýtalaýar, içimdäki ses,
Unudyp bilmedim, unutjak boldym,
Gaýta bu ahwala boldym lapykeç.
Penjireden nazar salyp otyrkam,
Kaklyşdy göreçlem, seniň roýuňa,
Seni, pynhan, penjireden synladym,
Başyňdaky gyzyl-ýaşyl öwüsýän,
Has owadan görkezýärdi gyňajyň.
Saňa gelin bolmak diýseň düşüpdir,
Has owadan görkezip dur görküňi,
Men seni henizem, henizem söýýän.
Özgä baglan bolsaňam sen örküňi.
Seň adyňy gursagymda saklaryn,
Saklaryn men ömür baky kalbymda,
Gitsem-de men agaç ata atlanyp,
Hyýalymda, senli ýeten bagtymy,
Gulplap, saklaryn men ýürek törümde,
Gözüm açyk giderin bu dünýäden,
Ruhum dik oturup aglar, görümde.

Gurbanmämmet MEREDOW.




Категория: Goşgular | Просмотров: 87 | Добавил: Zehin | Теги: Gurbanmämmet Meredow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Meýdan / Goşgular - 10.02.2021
"Ömür diýlen bir demlikdir..." / Goşgular - 04.06.2021
Duralgada / Goşgular - 12.03.2021
«Bu dert mugt berlenok, alnanok satyn—Ony ilden çykyp, gazanyp bolýa...» / Goşgular - 06.01.2021
Ýyllar geçip barýar / Goşgular - 12.02.2021
Gizlin / Goşgular - 19.03.2021
Watan hakda aýdymym / Goşgular - 07.02.2021
Gapy kakýan ýok! / Goşgular - 16.03.2021
Paworotti Sumbarda / Goşgular - 04.02.2021
Horasanyñ durnasy / Goşgular - 03.06.2021



Всего комментариев: 7
0
5 Zehin   [Материал]
Harp ýalnyslyklar uçin otunç sorayan

1
6 Hаwеrаn   [Материал]
"Gözüm açyk giderin bu dünýäden,
Ruhum dik otur(y)p aglar, görümde"

Jeset dar lahada salynansoñ, ruh görde bolmaýar (görde ruh terk edensoñ boşap galan ten - çüýrän jeset galýar) ruhyñ mekany başga ýerde (Berzah äleminde). Jesede jan girse dik oturmagy mümkin (Eger Müñkür-Nekir mümkinçilik berse, ýöne adatça biz taraplarda aýallar birine gargajak bolsa "görüñde dik otur!" diýip gargaýarlar. Diýmek, bu sözüñ gaty ýaramaz manysy bar, siziñ aýtmak isleýän pikiriñizde munyñ ýeri ýok), ýöne ruh göze görünmeýän, ele ilmeýän, howada ýüzüp ýören dumanpisint bir barlyk, ol nädip dik oturyp bilýärkä?
Bular ýaly metaforalary ulanjak bolsañ, eshatologiýadan az-owlak sowadyñ bolsa kem bolmazdy.
Hem jan tabşyranda kimem bolanda gözi açyk giden merhumyñ babalylar gözüni ýumýar (äñini dañýar we ş.m) Garaz gözi açyk ölýän baram bolsa, gözi açyk gidýän ýok.

1
3 Hаwеrаn   [Материал]
Adyndan we birinji setirinden başlap agsamaga başlaýar.

"Ýaşaýyşa höwesim has köpeldi." Birhili ýasama eşdilýär. Höwes başga ýerden guýulýan (doliwat edilýän) zat däl-ä, ol özüñde joşmaly zat dälmi?

"Söýüp seni has dogrusy gaýbana,
Daşdan synlap jemalyňa guwandym"
Daşdan synlan bolsañ gaý(y)bana bolanog-a, görmedik adamyñy söýen bolsañ gaýybana bolýar. Sen bolsa synlapsyñ, boýuna guwanypsyñ...

"Gijelerne düýşler bilen oýandym" Adatça bir düýş görende oýanylýar, birnäçe düýşi birden görüp oýanyp bolmaýar.

"Ýyldyzlar hem seniň gözüň ýatlatdy,
Agras asman bolsa, agras ýaňagyň,"


Asman jisimlerini söýen gyzyñ synalaryna meñzetmegiñ öñ ulanylyp gelýän zadam bolsa gowy zat, emma asmanyñ aşagynda diñe sen ýaşañok, bizem ýaşaýas, eger söýenligiñ hak bolsa, göwün bereniñ ýañagynyñ biziñem üstümize abanyp-degip durmagyny isleýän dälsiñ-ä?

"Şeýdip mende yşk ataşyn otlatdy," Özüñi itip otlamaly maşyn ýaly-ha duýýan dälsiñ-dä, hernä?

"Söýmediň sen, goý söýmeseň, söýme sen
Söýerin, men seni gaýbana çensiz,
Bolşum belki saňa duýulyandyr geň,
Düşün gülüm, düşün meniň halyma"
"Goý, söýmeseñ, söýme" bolýan bolsa, yzyndan näme üçin özüñe düşünilmegini isleýäñ, nämüçin "düşün" diýip ýalbarýañ?

"Eş(i)tmez bolsa, bu habary gulag(y)m,
Solduransyň meniň söýgi bagymy."
Ýañy daşyndan guwanyp ýördüñ, eýýäm kimden habar gönderdiñ, many taýdan yzygiderlilik ýok, şeýle-de "söýi bagy" diýilýän zat garşylyklaýyn kemala gelýän zat dälmi? Eger ol seniñ sözüñi hiç almadyk bolanlygynda nirden peýda boldy bu "bag"?

"Söndi, şug[a]l[s]a saçýan nurly çyragym.
Saňa sawçy gel[e]jeklermiş ezizim,
Bogun sanyny deñlejek bolup türkmen diliniñ galybyndan çykyp garyndaş dilleriñ söz galyplaryna görä basyberýäñ öýdýän?

"Gep açsalar gülüm seniň bara[-]da"(?)

"Günler gelip hakykat[d]a öwrül[d]ip" (?)

"Toý ulaglaň at[-]gulagyn galgadyp,
Geçip gitdi şowhun bilen tas[s]adyp"

Gelnaljy maşynlar tasamaýar, peşedip-tozadyp geçip gitmegi mümkin.

"Saňa sawçy gelejeklermiş eziz(im),
Diýen gürrüň bütün oba ýaýrady,
Gep açsalar gül(üm) seniň bara-da,"
Entek seniñ sözüñi almadyk, (daže) "daşyndan synlap söýüp" ýöreniñdenem bihabar ýat gyza ýüzleneñde nädip gaty arkaýyn menlik goşulmasyny goşup bilýäñ.

"Döndüm boşap, galan jan[ly]syz ynsana" "janlysyz ynsan"?

"Geçdi agyr leşger basyp gerdenden" Eger "agyr leşger" üstüñden geçse, gerdeniñden däl, tutuş üstüñden geçmeli, bagyşla welin, "ýere surat edip"... Eger ol gerdeniñden basyp ötýän bolsa, agyr leşger däldir, hindi towugy ýaly bir zatdyr.

"Penjireden nazar taşlap otyrkam"

Taşlamak işligi bir zady ýokardan aşaklygyna zyñmagy, oklamagy añladýar, bir zady alyp bir ýerde goýup gaýtmagy añladýar. Nazar taşlanmaýar. Nazar - salynýar, bolmanda "nazar atyp" diýen bolsañ gowy bordy.

"Gitsem-de men agaç münbere münüp "Agaç at" diýilýär, bolmanda "agaç ulag" diý, "agaç münber" bolanok, münber - çykyp geplenýän ýer (tribuna).

"Gelip gulak salsaň hem-de diňşirseň,
Adyň tutup gaýtalaryn görümde"
Dirikäñ sözüñi almadyk, bir göz aýlamadyk adam öleñsoñ nämüçin mazaryñ başyna gelip diñşirgenmeli?

0
2 Aksary   [Материал]
Saklaryn men ömür baky kalbymda,
Gitsem-de men agaç münbere münüp,
Hyýalymda, senli ýeten bagtymy,

EGER GITSEM AGAÇ ATA ATLANYP:)

0
1 mango   [Материал]
Gurbanmämmet, men hindi kinolaryny gowy görüp bilemok, söýgi goşgularam hindi kinolary ýaly görýän….
Hawa, birini haladyňmy, bolup biler… emma maşgala bolmak iki taraply söýgi-razylyk bilen gurulany üçin…. Söýeniň söýmese bu tragediýamy? Belki ol küýküni halaýandyr, sen bolsaň gaýgy… mysal üçin diýýän….
Umuman, görüňe çenli ýanyp-köýmek gerek däl, esasanam gaýybana…
——
Tehniçeskiý taraplary barada:

Ine, şeýdip aýlar-günler aýlandy,
Geçdi günler agyr lybasyn geýip,
Geçen günlem geljegimden saýlandy,

Yzly-yzyna günleri geçirýäň….

Saňa sawçy gelejeklermiş ezizim,
Diýen gürrüň bütün oba ýaýrady,

Oba habarlary näçe operatiw işlese-de sawçylyga gidiljegini bilmegi kyn bolar, emma sawçylyga barylanyny derrew bilerler. Şo sebäpli sawçy geljeginiň däl-de sawçy geleniniň gürrüňi ýaýramaly….ýaly….

Saklaryn men ömür baky kalbymda,
Gitsem-de men agaç münbere münüp,

Münber - трибуна bolýar. Tabyt däl.

Gelip gulak salsaň hem-de diňşirseň,
Adyň tutup gaýtalaryn görümde.

diňşirGENseň… bir bogun artyk hasaplap aýyrypsyň, olam gelişmändir.
Bolmanda “Gelip gulak salsaň hem diňşirgenseň” bolup bilerdi…
Edebiýat edebiýatdyr welin, men-ä ynanamok görden onuň adyny gaýtalajagyňa…

Umuman.
Üstünlikler.

0
4 Nurdan   [Материал]
@Mango, goşgyny häli okap teswirläyin diýip ýazyp başlanymda jañ geldi-de, siz menden öñürdäyipsiñiz kinoly gürrüñde))

"Dewdas" hindi filmini ýatlatdy.)(

Elbetde, Gurbanmämmet, bu siziñ ýürek sesiñizdir. Emma köpleriñ gaytalaşy ýaly şol bir sesi, şol bir sözlemde gaýtalap durman täzeçeräk ses bilen aýdyp bilerdiñiz. Ýalñyşlygam köp setirlerde, täzeden gözden geçirseñiz gowy bolardy..
Birem dünýäñ manysy bir gyza bolan söýgi bilen jemlenýän däldir-a. Düşünikli, goşgudaky gahryman ynjapdyr. ýöne erkek adama beýle ejizlik gelşenok. Durmuş dowam edýär ahyryn, belki ykbal ol gahrymana has ajaýybyny häzirländir. Näşükürlik gowy zat däl. Öñräk bir goşgy okadym awtory ýadymda däl:

"Bagtym diýip begenemde,
Özge bolar deregiñde,
Dogulmandym geleniñde,
Gideniñde öler ýaly."

Näme üçin biriniñ söýmedigi üçin gözel   Ömri bisarpa tutmaly?! Hakyky yşk Haka bolan yşkdyr, hakyky söýgi Söýeniñ bagtly bolmagy üçin özüñi  pida etmekdir. Bu goşgyda welin gyzyñ bagtly bolmagyna zeýrenç iğrenç bar, Birem ol başga biriniñ bagty ahyryn.. Adamyñ ykbaly niýetine görä bolýar diýilýär, SÖZ bilen oýun etmeseñ gowy. SÖZLER, ideýalar hökman başga bir görnüşde hasyl bolýar. Şonuñ çyndygyna magat göz ýetirden wakalaryñ köp şaýady bolupdym. Şonuñ üçin size bir maslahatym, Diñe gowulygyñ boljakdygyna, Ýaradanyñ beren ömrüniň BAGTDYGYNA ynanyñ.

0
7 Hаwеrаn   [Материал]
Hindi kinolary diýlende bir zat ýadyma düşdi. "Golliwuddan" (ABŞ) soñ "Bolliwud" (Hindistan) dünýä boýunça kino industriýada ikinji ýerde durýar (kino köp öndürmek boýunça birinji ýerde). Birnäçe ýyl mundan öñ gazetleriñ birinde "Tolliwudyñ" (hindi kinosynda ýaş höwesjeñ artistleriñ ikinji derejeli kinofilmleriniñ öndürilýän kinostudiýalar şäherçesi) köp kino öndürmekde "Golliwuddanam", "Bolliwuddanam" öñe geçmegine garaşylýandygy barada aýdylýardy...
Söýgi temasyna ýüzlenmezlik mümkin däl. Bu babatda her kimiñ öz aýtjak sözi bar. Mesele - şol sözi illerden tapawutlanyp, nädip aýdyp bilýänligiñde.
Söýgi goşgularyny köp ýazyp Tolliwuda bir menzemäweriñ.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]