07:23
“Görogly“ şadessanyny dünýä tanadan
"GÖROGLY" ŞADESSANYNY DÜNÝÄ TANADAN

Mundan birnäçe ýyl ozal Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Görogly” şadessanynyň umumyadamzat medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, umumyadamzat bähbitli taraplaryny dünýä ýaýmak, öňde goýlan maksada ýetmek üçin Türkmenistanda döwlet derejesinde möhüm işleriň alnyp barylýandygyny aýdyp, ýakyn geljekde “Görogly” şadessany ÝUNESKO-nyň halkyň we ruhy mirasyň dürdäneler sanawynyň üstüni ýetirjekdigini habar berende müň kerem mamlady!
“Görogly” şadessanynyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilendigi hakdaky hoş habar bu gün il-ulusymyzyň buýsanjyny artdyrdy.
“Görogly” şadessanynyň nesilden-nesle, dilden-dile geçmeginde bagşylarymyzyň hyzmaty bimöçberdir. Edebiýaty öwreniji alymlarymyz şadessanyny düýpli öwrenmek üçin zehinlerini gaýgyrmadylar. Şadessanyny Pälwan bagşynyň dilinden ýazyp alan Ata Gowşudowyň, Ata Çepowyň we beýlekileriň atlaryny hormat bilen agzaýarys. Akademik B.Garryýew, professor M.Kösäýew, edebiýatçy alymlarymyz B.Mämmetýazow, H.Görogly, A.Durdyýewa, A.Baýmyradow we beýlekiler şadessanyny çuňňur öwrenmekde uly yhlaslylyk görkezdiler.
“Görogly” şadessanynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşulan şu günki gününde ony dünýä ýüzüne ýaýmakda ilkinji ädim äden adamlary ýatlamak hem biziň üçin ýakymlydyr. Şolaryň birem Aleksandr Hodzkodyr. Häzirki Minsk oblastynyň Mýadel raýonynda 1804-nji ýylyň 30-njy awgustynda dünýä inen Aleksandryň kakasy öz döwrüniň tanymal adamy bolupdyr. Ýan Hodzko hem ýazyjy, hem jemgyýetçilik işgäri eken. Bu Aleksandryň doly sowat almagyna şert döredipdir. Peterburgda Daşary işler ministrliginiň Aziýa departamentiniň ýanyndaky janly diller okuw bölüminde okamagy, onuň birnäçe gündogar dillerini suwara bilmegine ýardam edipdir. Okuwy tamamlandan soň A.Hodzko 1830-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Eýrandaky rus missiýasynda dilmaç bolup işe başlapdyr. Soň Töwrizde rus konsullygynda dilmaç, baş konsulyň sekretary, Gilýandaky administratiw merkezde konsul bolupdyr. Eýranda gulluk eden döwürleri filologiýa-da, folklor-da, etnografiýa-da, din meseleleri-de, Kaspiniň kenarýaka halklarynyň teatrlary-da ony az gyzyklandyrmandyr.
A.Hodzkonyň döwürdeşi rus syýahatçysy I.F.Blaramberg (ýeri gelende aýtsak, A.Hodzko ýazýan kitaby üçin ony gyzyklandyrýan ugurlar boýunça oňa birnäçe material hem beripdir) slawýan alymynyň sowat derejesine gaty uly sarpa goýupdyr. Ol öz işleriniň birinde Aleksandr Hodzkonyň öz işlän we baran ýurtlarynyň edebiýatyny kämil bilendigini, şol ýerlerden gymmatly golýazmalaryň ençemesini toplandygyny, şeýle hem ol alymyň entege çenli ýewropalynyň aýagynyň sekmedik ýerlerine baryp görmäge ýaýdanmandygyny ýazypdyr. I.Blaramberg bu setirleri ýazanda, belki-de, A.Hodzkonyň Türkmensähra eden syýahatlaryny göz öňünde tutan bolmagy-da ähtimaldyr. A.Hodzkonyň 1842-nji ýylda Londonda iňlis dilinde neşir eden kitaby ýewropalylaryň arasynda uly gyzyklanma döredipdir. Kitabyň bölümleriniň sözbaşylaryna garap geçeniňde hem kitabyň dogrudanam ähmiýetiniň uludygyna göz ýetirýärsiň. Kitap sözbaşy “Görogla” giriş, Göroglynyň improwizasiýasywe başdan geçirmeler, astrahanly tatarlaryň halk aýdymlary, galmyklaryň üç aýdymy, türkmenleriň aýdymlary, parsly türkleriň, parslaryň, gilýanlaryň, dagly rudbarlaryň, itilýaşlaryň, mazanderanlylaryň aýdymlary, tekstleriň nusgalary, fortepiano üçin aranžirowka edilen dokuz pars aýdymy ýaly bölümlere bölünen.
Şeýle hem kitapda azerbaýjanlylaryň, türkmenleriň, nogaýlaryň we beýlekileriň halk döredijiligi hakyndaky ýazgylarynda ýerleşdiripdir. “Kitap öz döwründe meşhurlyga eýe bolupdyr”diýip, ýöne ýere aýtmaryn. Sebäbi muny aýtmaga esas bar, çünki ýygyndydaky halk döredijiligine degişli makalalaryň birentegi soňam birnäçe gezek dürli dillere terjime edilipdir we gaýta-gaýta neşir edilipdir. Bu “Görogly” bilen baglanyşykly makala bilen hem şeýle bolupdyr A.Hodzkonyň Göroglynyň teke türkmenlerdendigini öz makalasynda nygtamagy hem üns bererlikdir. “Görogly” ýazyjy Žorž Sand (1842) we Adolf Brelýe (1857) tarapyndan iki gezek fransuz, O.Wolf (1842) tarapyndan nemes, S.Penn (1856) tarapyndan rus dillerine terjime edilip, okyjylara ýaýradylypdyr. Kitabyň aýry-aýry bölümleriniň dürli dillere terjime edilip, özbaşyna çap edilmegi awtoryň uly döredijilik üstünligidi.
Awtor Göroglynyň keşbinde öz halkynyň arkadagyny, onuň asuda durmuşda ýaşamagy üçin janyny gaýgyrmaýan halk gahrymanyny görüpdir. Gündogar halklaryna bolan söýgi, olaryň edebiýatyna, folkloryna... gyzyklanma A.Hodzkonyň döredijilik üstünliklerine ýardam beripdir. Ol “Göroglyny” şeýle bir yhlas bilen öwrenipdir weli, onuň yzyna düşüp, haýsydyr bir ýerde üýtgeşik aýdyjynyň bardygyny eşidip, ony diňlemäge, her bir sözüni sypdyrman ýazyp almaga dyrjaşypdyr. Ýaşlykda alan güýçli tälimi, gündogar dilleriniň birnäçesini suwara bilmegi “Göroglyny” aýdyjylaryň dilinden kynçylyksyz ýazyp almaga mümkinçilik beripdir. 1833-nji ýylda onuň demirgazyk Horasanda bolup, ýazyp alan türkmen aýdymlarydyr goşgularynyň tekstleriniň ýazgylary edebiýaty öwreniş ylmymyzda o diýen ýeterlik öwrenilmedi.
A.Hodzkonyň türkmen halkynyň genji-hazynasy bolan “Görogly” şadessanyny, Magtymgulyny, Garajaoglany, Keminäni dünýä tanatmakda bitiren hyzmatlary, wagt geçdigisaýy, gymmaty barha artýar.

Allaýar ÇÜRIÝEW,
TÝA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri.

"Mugallymlar gazeti“, 2016-nji ýylyň 1-nji fewraly.




Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 45 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]