11:15
Gorky
GORKY

Kamata guwanyp söýmedim guwy,
Akja däl, ýene şol gara sen gowy,
Köp bişensoň indi bir bulgur suwy,
Özgeleň golundan içmekden gorkýan.

Özlükden geçen kim dogulyp-döräp,
Gyş gitdi suw basdy buzluklar eräp,
Kalpdaky alawym ýaksa-da köräp,
Pessaýy şemala öçmekden gorkýan.

Geläý, içeli biz yşk döndi sa:ka:,
Senli ýatlamadan dolsun her waka,
Wah, diýmen, armanly gitsem-de baka,
Kalbyň suprasyndan göçmekden gorkýan.

Ýakyndan dalda ýok, haraý ýok ýatdan,
Eşreti kesdiler suw kimin ýapdan,
Bu ýürek durmuşda geçdi kän zatdan,
Iň soňky umytdan geçmekden gorkýan.

Seniň bar ýeriňde hemişe men bar,
Seniň bar ýeriňde hemişe dem bar,
Sen bolsaň hiç zatdan gorkmaryn, emma,
Seniň ýoklugyňda uçmahdan gorkýan.

Ahmet ARAZOW





Категория: Goşgular | Просмотров: 106 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Magtymguly / Goşgular - 04.01.2022
Adamyň maksady / Goşgular - 16.01.2022
Dostuma / Goşgular - 15.01.2022
Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022
Edebi ýañsylamalar / Goşgular - 15.01.2022
"Guşlar güldi için tutup..." / Goşgular - 13.01.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022
Söý dünýäni / Goşgular - 12.01.2022
Barsam atamöýmüze / Goşgular - 08.01.2022



Всего комментариев: 6
0
5 Taryhçy   [Материал]
Formadan çyk Ahmet

0
6 Ahmet   [Материал]
Gelişine görä ýazýas...

0
4 Garayolly1936   [Материал]
Bir belligim bar:
,, Bu ÿürek durmuşda geçdi kän zatdan" setirindaki yurek sozuni GÖWÜN diyip alnan bolanda jaydar boljak eken.

Gownumgecdi, gownum gecyar, pylandan gownum gecdi, gownum sowady.

0
3 Ahmet   [Материал]
Minnetdar. Göz öňünde tutaryn.

0
2 Garayolly1936   [Материал]
Bir belligim bar:
"Bu ÿürek durmuşda geçdi kän zatdan" setirindaki yurek sozuni GÖWÜN diyip alnan bolanda jaydar boljak eken.

Göwnüm gecdi, göwnüm geçýär, pylandan göwnüm geçdi, göwnüm sowady.

0
1 Garayolly1936   [Материал]
Berekella, tuÿs klassiki stil.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]