21:43
Gorkut atanyñ wesýetlerinden
GORKUT ATANYÑ WESÝETLERINDEN

- Alla, Alla diýmeýinçäñ işler oñmaz.
Kadyr Tañry bermeýinçä är baýynmaz.
Ezelden ýazylmasa, är başyna kaza gelmez.
Ölen adam dirilmez, çykan jan gaýra gelmez.
Bir ýigidiñ gara dag ýumrusyça maly bolsa,
ýygnar-ýygnar, talab eýlär, nesibesinden artygyny iýebilmez.
Ulaşybam suwlar daşsa, deñiz dolmaz.
Tekepbirlik eýläni Tañry söýmez.
Köñlüni ýuka tutan ärde döwlet olmaz.
Ýat ogly saklamañlar ogul olmaz, beýewanda salar gider, gördüm diýmez.
Kül depejik olmaz.
Gara eşek başyna uýan ursañ gatyr olmaz.
Garabaşa don geýdirseñ hatyn olmaz.
Ýapa-ýapa garlar ýagsa ýaza galmaz.
Ýapagly gökje çemen güýze galmaz.
Esgi pamyk biýz olmaz.
Garry duşman dost olmaz.
Garagoja gaýmaýynça ýol alynmaz.
Gara polar uz gylyjy çalmaýynça gyrym dönmez.
Är malyna dözmeýinçä ady çykmaz.
Gyz eneden görmeýinçä öwüt almaz.
Ogul atadan ýetiridir, iki gözüniñ biridir.
Döwletli ogul gopsa, ojagynyñ közüdir.
Ogul dähi neýlesin, baba ölüp mal galmasa.
Baba malyndan ne peýda, başda döwlet bolmasa.

Toplan Aman USSAÝEW.





Категория: Sözler | Просмотров: 51 | Добавил: Haweran | Теги: Gorkut ata | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]