17:33
Gorkut ata, Däli Domrul hem Ezraýyl hekaýaty
GORKUT ATA, DÄLI DOMRUL HEM
EZRAÝYL HEKAÝATY

Diýip bilmen hemme bilen deň adam,
Gorkut ata diýilýäni geň adam.
Oguzyň ol kethudasy bolupdyr,
Ady-owazasy dünýä dolupdyr.

Bir aýyby- gorkarmyşyn ajaldan,
Gorkut ady galmyş onuň haçandan?!
Ezraýyl gözüne ilmejek bolup,
Gaçypdyr diýýärler dünýä at salyp.
Jan jellady muňa gülküsi tutan,
Ýüregi awansoň, şeýle söz gatan:
-Gaçyp ýörşüň, walla, seniň näteňet,
Bolmanda, heý, goja, daşyňa äňet.
Gowusy, ajaly salma ýadyňa,
Ýada salsaň, hiç kes ýetmez dadyňa!
Şondan soň aradan heňňamlar geçen,
Niçeme ýaş-garry gara ýer guçan.

Bir günem ýatlapdyr gaçyp mazasy,
Atamyzyň dolmuş şonda kazasy...

Gara gylyjyndan men-menlik satan,
Gorkman Ezraýyla haýbatlar atan.
(Ýöne soň gutarjak bolupdyr janyn,)
Domrul nä söýlemiş, eşid-ä, hanym:
„ – Aý, Ezraýyl, aman!
Taňrynyň birligne ýokdur güman.
Men seni beýle bilmez idim,
...Şeraplar iýdim-içdim doýmadym –
Ne sözledim, bilmedim,
...Janym alma, Ezraýyl, medet!“
Ezraýyl bu sözi bilmedi telek...

Jan süýji zat, ýokdur oňa taý geljek,
Şonuň bilen adam eýe bagtyna.
Ýöne mugt zady Ezraýyl gelip,
Bir demde-de alyp gidýär mugtuna.
Dana-da,
Nadana-da,
Merdi-merdana,
Soltana,
Hem daýhana...
Şirin jany hemme zatdan ezizdir.
Ýöne adam Ezraýyldan ejizdir.
Barybir jan jelladyndan gaçyp gitjek ýeriň ýok.
Şonuň üçin Ezraýyla para-peşgeş, berim ýok...

22.06.- 2.07.2016





Категория: Goşgular | Просмотров: 68 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
Bir söz / Goşgular - 10.02.2021
Horasanyñ durnasy / Goşgular - 03.06.2021
Garaşmak / Goşgular - 13.03.2021
Şeýle gerek?! / Goşgular - 01.03.2021
Gojalyk / Goşgular - 03.04.2021
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
Nädemde näme? / Goşgular - 14.02.2021
Gerdek / Goşgular - 14.02.2021
Gybat / Goşgular - 26.02.2021



Всего комментариев: 1
0
1 Gumlygelin   [Материал]
Hawa Allaýar aga, "Jan satyn alynsa Karun alardy" diýlişi ýaly...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]