11:11
Gorkar men
GORKAR MEN

"Ulug günüñ azabyndan gorkar men"
Gurhan. Ýunus süresi


Hiç kesiñ göwnüne degmek islämok,
Ulug Günüñ azabyndan gorkar men.
Ýamanlygy ýüregimde beslämok,
Ulug Günüñ azabyndan gorkar men.

Bag-bakja-da Allañ ýaradan zady,
Asmandadyr ynsyñ-jynsyñ myrady.
Alynsa bir ýyndam bedewiñ baby,
Ulug Günüñ azabyndan gorkar men.

Bahyllaryñ bahyllygyn dadar men,
Islegim dilärmen bir Hudadan men.
Gorkamok han-begden, erkin adam men,
Ulug Günüñ azabyndan gorkar men.

Göwnüm ýykyp, il göwnüne ýetmesem,
Her gün özgä bir ýagşylyk etmesem,
Teşnä barýan suwuñ öñün beklesem,
Ulug Günüñ azabyndan gorkar men.

Badak salma sen özüñden öñdäge,
Yrsgalyñ iý, artanyn ber özgäge.
Haky goýup, oñ bendesin söýmäge,
Ulug Günüñ azabyndan gorkar men.

Seniñ sözüñ sözdür, wadañ wadadyr,
Seniñ emriñ emir, kadañ kadadyr.
Bendäniñ umydy bir Alladadyr,
Ulug Günüñ azabyndan gorkar men.

Duşmanlarmy Özüñ dep etgin, Allam,
Olary Özüñe çep etgin, Allam,
Derdim az, imanym köp etgin, Allam,
Ulug Günüñ azabyndan gorkar men.

Atamyrat ATABAÝEW.

"WATAN" gazeti, 1996 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 78 | Добавил: Haweran | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Käşgä gidip bolsa... / Goşgular - 25.01.2022
Деревенская любовь / Goşgular - 20.01.2022
Марьонетки / Goşgular - 20.01.2022
Daşa ýüzlenme / Goşgular - 18.01.2022
Ähtimallyk / Goşgular - 17.01.2022
Ýadygärlik galsyn / Goşgular - 23.01.2022
Häsiýet / Goşgular - 04.01.2022
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje! / Goşgular - 05.01.2022
Seň Adyň / Goşgular - 21.01.2022
Ugurtapyjy towşan / Goşgular - 04.01.2022



Всего комментариев: 3
0
3 MмС   [Материал]
Imany hemrasy bolsun şahyryň! Şahyrdan has ýokarda goýup boljak şahsyýet

0
2 mango   [Материал]
"Ulug günüñ azabyndan gorkar men"
Gurhan. Ýunus süresi

ýokarky terjimede ol gün kiçi bilen ýazylypdyr.
gep kyýamat güni barada bolansoň....
goşguda weli gün uly bilen ýazylansoň asmandaky Gün bilen bulaşan ýaly görünýär.

şol ady agzalan süreden ady geçen aýat:
15. Böyle iken ayetlerimiz birer açık delil olarak karşılarında okunduğu zaman Bize kavuşmayı arzu etmeyenler: “Bundan başka bir Kur’an getir veya bunu değiştir!” dediler. De ki: “Onu kendiliğimden değiştirmem benim için olacak şey değildir! Ben ancak bana vahyolunana uyarım. Rabbime isyan edersem şüphesiz büyük bir günün azabından korkarım.”

15. Ve iza tutla aleyhim ayatuna beyyinatin kalellezine la yercune likaena’ti bi kur’anin gayri haza ev beddilh, kul ma yekunu li en ubeddilehu min tilkai nefsi, in ettebiu illa ma yuha ileyy, inni ehafu in asaytu rabbi azabe yevmin azim.

"ýewm" - gün sözi elhamda-da agzalýandyr. "...mäliki ýewm-iddin..." ol günüň, kyýamat gününiň mäligi, eýesi.... diýen ýalyrak..

garaz, "Gün" "gün" bolsa has dogry boljak...

0
1 Revo   [Материал]
Öňem biri "Kysmatdan gaçma ýok" diýýär Atamyrat akga. Şonuň üçinem başa geljekden gorkup ýörmäň. Ähli zat Allanyň emri bilen bolýar.

Umuman alaňda terbiýeçilik äheňdäki goşgy. Göwne degmeli däldigini, ýamanlyk etmeli däldigini, başarsaň ýagşylyk etmelidigini, hemme zadyň geçijidigini ündeýän goşgy. Erbet däl. Ýöne, şujagazza ýeri biri-birine tersiräk geldi.

"Ýamanlygy ýüregimde beslämok,"
"Duşmanlarmy Özüñ dep etgin, Allam,"

Bu-da, waspnamaly goşgulardaky adaty gabat gelýän säwlik (ak gülüň suratyny çekip oturkaň, gara çyrşanyňy duýman galýaň).

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]