20:21
Görip
GÖRIP

Görip gözlerime ediñ tomaşa,
guşlar perwaz edýär gögüñ ýüzünde,
göriplik edýärin ganatly guşa.

Ýel ýaly gidýärin ugrasam hanjak,
suw welin ýelden-ýelden okgunly gidýär.
Suwa-da göriplik edýärin biçak.

Göriplik derdine tapylmaz däri.
Dänä öwrülesim gelýär her daýym.
Maña bes dälmikä şahyrlyk käri?

1947.

• INE, ŞEÝLE, YSMAÝYL!

Nuruñ içinde men. Hemme ýerde nur.
Dünýä gözel. Iş küýseýär ellerim.
Gözüm bolsa gök baglardan doýanok,
aşygy men bu baglaryñ-gülleriñ.

Tut tokaýy. Ýoda günden nur düşýär,
Synlap otyryn men ýaz howasyny.
Bakyp keselhanañ penjiresinden
otyryn, duýamok derman ysyny.

Bir ýerde-hä myhak güli gülleýär,
Onuñ ysy maña gelýär her daýym.
Gep ruhuñ belent bolmaklygynda,
gep türmede ýatmakda däl, Ysmaýyl.

1948.

• GÜÝZ

Gün gysgalar, ýagyş ýagar tiz-tizden,
Geldim, "güýz başlandy" diýen netijä.
Gapym açyp, geleriñe garaşdym,
Näm üçin, näm üçin sen galdyñ gijä?

Nahar wagty boldy. Ine, burç, çörek,
emma sen ýok diýip galdym men ünjä,
goýan çakyrymyñ ýaryny içdim,
Näm üçin, näm üçin sen galdyñ gijä?

Bal ýaly miweler bagyñ üstünde,
meñzeýärler ýüpe düzülen hünjä.
üzülip ýere-de gaçardy olar,
sen azajyk galan bolaýsañ gijä.

1949.

Nazym HIKMET.

Terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 141 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Nazym Hikmet | Рейтинг: 2.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Dostluk we söýgi / Goşgular - 09.03.2021
Bazara gidemok / Goşgular - 14.04.2021
Güýz goşgulary / Goşgular - 08.02.2021
Gözler gözellikde eglensin / Goşgular - 02.02.2021
Huşsuz nazarym / Goşgular - 12.02.2021
"Alyslardan alyslarda galan ýar" / Goşgular - 08.02.2021
Kaýyllyk / Goşgular - 22.02.2021
Haýsysy ýaman? / Goşgular - 27.05.2021
Ümsümlik we sen / Goşgular - 10.04.2021
Men şäherli bolsam-da... / Goşgular - 16.07.2021
Всего комментариев: 1
0
1 Мylayym   [Mowzuga geç]
"Güýz" goşgusy has gowy eken.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]