10:05
Göresim gelýär

GÖRESIM GELÝÄR

Men seni şeýle bir göresim gelýär,
Şatlanamda,
                    gamlanamda,
                                         aglamda,
Surat kimin göze dikip keşbiňi,
Saňa gyzyl gülden çemen baglamda.

Men seni şeýle bir göresim gelýär,
Hyýalymda,
            Düýşlerimde,
                            Huşumda,
Bardyr däli derýa deýin söýýänler,
Görsem şeýle bagty deňi-duşumda.

Men seni şeýle bir göresim gelýär,
Unudyp dünýäni, gidip serimden,
Düýşlerimde görsem näzik jemalyň,
Oýarmaň,
             Oýarmaň ýatan ýerimden.

Men seni şeýle bir göresim gelýär,
Boş arzuwlar umydyny dargadyp,
Nesip edermikän ýene görmegi,
Şu hyýallar barýar meni garradyp.

Gurbanmämmet MEREDOW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 59 | Добавил: Zehin | Теги: Gurbanmämmet Meredow | Рейтинг: 5.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Men seniñ ýanyña barýan / Goşgular - 09.02.2021
Yşk / Goşgular - 12.02.2021
Ýodajyk / Goşgular - 08.02.2021
Derwüşe / Goşgular - 20.02.2021
Halypalyk / Goşgular - 03.06.2021
Penjiräňi aç / Goşgular - 16.03.2021
A mende kine ýok.. / Goşgular - 09.04.2021
Watan mähri / Goşgular - 09.01.2021
Umyt / Goşgular - 16.02.2021
Ырка / Goşgular - 06.03.2021
Всего комментариев: 1
1
1 mango   [Mowzuga geç]
Ony göresiň gelse-de görüp bilmeýänligiň sebäbi näme?
Belki bizden kömek gerekdir?
Göresiň gelýänini özüne duýduryp gördüňmi, ýa diňe bize aýdýaňmy?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]