17:39
Gökden perişdeler ýagýar
GÖKDEN PERIŞDELER ÝAGÝAR

Gökden perişdeler ýagýar,
Goşawujuň aç, jigi!
Goý, olar gonsunlar näzik ellerňe.

Gökden perişdeler ýagýar,
Gulagyň aç, jigi!
Diňle perişdeleň syrly mukamyn.

Gökden perişdeler ýagýar,
Demiňi al, jigi!
Ysga melekleriň hoşboý ysyndan.

Gökden perişdeler ýagýar,
Gursagyň aç, jigi!
Kalbyň bolsun perişdeler mekany!

Gökden perişdeler ýagýar,
Aklyň aç, jigi!
Goý, olar aklyňa aýna bolsunlar.

Gökden perişdeler ýagýar,
Ruhuň aç, jigi!
Goý, ruhuňa hemdem bolsunlar olar.

Gökden perişdeler ýagýar,
Gapyny aç, jigi!
Perişdeleň öýi bolsun öýümiz.

Görsene, jigimjan!!!
Bir göräýsene!!!

... Gökden perişdeler ýagýar,
Gözüň aç, jigi!

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 135 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Çagalar edebiýaty bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
gökden perişde ýagýanyna şeýle bir ynandyrdyň welin....
ozalam-a ýagyş ýagsa, her damjasyny perişdeler getirermiş, ýagyş ýaganda gowy dileg ediň diýilýänini bilýädim welin...
arman ol perişdeler bu ýyl az ýagýar....
agşam ýatyrkam ýagypdyr, irden tursam bary gidipdir.... diňe yzlary galypdyr....
bu goşgyny çagalar edebiýaty hasaplasaňyzam maňa (ülläkän birine) ýazylan ýaly.
näme üçin maňa çagakam perişdeli goşgy ýazmadykalar....
Suraý hanyma sag bolsun aýdýan.
goşgusy üçin, perişdeleri üçin...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]