23:35
Goja dagym
GOJA DAGYM

Geçse-de yz-yza pasyllar aşyp,
Başyñ gizläp ýatyr kyrkçilläñ gary.
A men eýýäm bahar bilen hoşlaşyp,
Gujak açyp barýan tomusa sary.

Eşdeñokmy, owsun atýan birgiden
Deñizleñ, derýalañ şat güwwüldisin,
Alañokmy, dünýämizi ýigdelden
Elwan piýalaly gülleriñ ysyn.

Silksene garyñy günüñ howruna,
Goşul şatlygyma, gojaman dagym!
Diýsem, agras güwleýäñ öz ugruña;
"Bolanok, bolanok gojalan çagyñ".

Beýle bolsa öt günäsin oglanyñ,
Ol indi geñlemez başyñ gardygyn.
...Baharyñ, bu tomsuñ gadry bir başga
Görseñ bu ýerlerde gyşyñ bardygyn.


Muhammetmyrat KÖMEKOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 21 | Добавил: Haweran | Теги: Muhammetmyrat Kömekow | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Arzuw / Goşgular - 12.03.2021
Dostum / Goşgular - 25.03.2021
Taк / Goşgular - 04.04.2021
Guwlar geçýär amman-amman... / Goşgular - 07.02.2021
Göreş / Goşgular - 20.03.2021
Aýdym / Goşgular - 24.05.2021
Başga biz... / Goşgular - 12.02.2021
Ýokarky gatdan seredilip ýazylan goşgy / Goşgular - 11.02.2021
Dag we Asman / Goşgular - 10.11.2021
«Bu dert mugt berlenok, alnanok satyn—Ony ilden çykyp, gazanyp bolýa...» / Goşgular - 06.01.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]