08:41
Goçy Annasähedow
GOÇY ANNASÄHEDOW

Tanymal ýazyjy, pedagog Goçy Annasähedow 1953-nji ýylyň 21-nji aprelinde Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Könekesir obasynda mugallym maşgalasynda eneden doguldy. Ol 1975-nji ýylda Magtymguly adyndaky TDU-nyň taryh bölümini tamamlady. Zähmet ýoluna öz dogduk obasyndaky 5-nji orta mekdepde başlady. Soňra 1977-2016-njy ýyllar aralygynda ýurdumyzyň gazet–žurnallarynda, bilim ulgamynda dürli wezipelerde  zähmet çekdi. Ol häzir Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda işleýär.
G.Annasähedow döredijilik işi bilen hem yzygiderli meşgullanyp gelýär. Ol 1980-nji ýyldan Türkmenistanyň Žurnalistler, 1992-nji ýyldan bolsa Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşmesiniň agzasydyr. Ýazyjynyň "Dertli baş", "Keremli şanyň ýaşlygy", "Ýazgyt" atly romanlary, "Humaý", "Oba daňy",  „Pelek oýny“, „Jenaýatkär, ýaragly!“, "Köňüllere barýan ýol"  ýaly başga-da birnäçe powestleri, onlarça hekaýadyr goşgulary, ertekileri, oçerkdir publisistik makalalary, irili-ownukly terjimeleri, şeýle hem ýazyjy Petdi Magsymow bilen bilelikde döreden "Çüýşe döwügindäki gan" atly detektiw powesti döwürleýin metbugatda çap edildi we okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. 
G.Annasähedowyň "Näme üçin biz galyňa garşy göreşmeli?" (Bilim, 1977ý.), "Däp-dessur hakynda söhbet" (Bilim, 1985ý.), "Türkmen milli pähimleri we olaryň terbiýeçilik ähmiýeti" (Ylym, 2015ý.) atly  usuly gollanmalary, "Ýylan zäheri" (Magaryf, 1988 ý.), "Bir düýp agaç" (Magaryf, 1994ý.), "Ýaraly ýürekler" (Türkmenistan, 1995ý.), "Üç öküz" (TDNG, 2003ý.), "Ile gülki paýlaýan" (TKP, 2003ý.), "Bagt guşy" (TDNG, 2004ý.), “Ýoldaky teňňeler“ (Ylym, 2005ý.), "Synag ýoly" (TDNG, 2015ý.) atly çeper eserleri özbaşyna kitap bolup çap edildi. 2017-nji ýylda onuň Korea Respublikasynda "Ýakma-bişersiň" ady bilen "Çopan ogly" atly belli türkmen halk ertekisi esasynda taýýarlan ertekisi iňlis, rus hem-de koreý dillerinde aýratyn kitap edilip neşir edildi. 
Goçy Annasähedow Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli döreden hekaýalary bilen 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň „Türkmeniň Altyn asyry“ atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. 





Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 639 | Добавил: Нawеran | Теги: Goçy Annasähedow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 3
0
3 Garaýolly   [Материал]
Ir mahallar hem Gocy aganyñ eserlerini gazyet jurnallarda cykany cykan yaly okayardym. Tasirli yazyar.

0
2 Ýagmyr Gundogy ogly   [Материал]
Salam Goçy aga işiñde üsdünlükler

0
1 Ýagmyr Gundogy ogly   [Материал]
Işiñde uly üsdünlükler arzuw edýarin

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]