21:37
Gizlin döwletiñ Owganystan nägileligi!
GIZLIN DÖWLETIÑ OWGANYSTAN NÄGILELIGI!

The Council of Foreign Relations (CFR)…
Daşary gatnaşyklar geñeşi...
ABŞ-nyñ iñ täsirli düşünje guramalaryndan...
ABŞ-nyñ "gizlin döwleti" (глуби́нное госуда́рство)...
ABŞ-nyñ daşary syýasatynyñ şekillenmeginde uly rol oýnaýar.
CFR ABŞ-nyñ global derejede hak-hukugyny we bähbidini araýan, bu babatda jahana ykdysady-syýasy taýdan ýol görkezmäge we serenjam bermäge gönükdirilen edara.
Düýbüni tutujylary we hojaýynlary esasan ABŞ-ly öñki ministrler, MRU-nyñ we FED-iñ başlyklary, ABŞ-ly läheñ banklaryñ we trestleriñ wekilleri. 1921-nji ýylda Nýu-Ýorkda Dewid Rokfeller (Häzirem "Exxon-Mobile", "Chevron", "Citi Group", "JP Morgan Chase" ýaly şereketlere eýelik edýän adybelli maşgala) tarapyndan guruldy.
"Foreign Affairs" atly meşhur žurnalam bu edaranyñ ýörite neşir organydyr.
Edaranyñ başlygy Riçard Haass… Ol 2001-2003-nji ýyllarda ABŞ-nyñ Daşary işler ministrliginde Syýasat meýilleşdiriş bölümiñ başlygy bolup işlände, şol bir wagtyñ özünde Kolin Paueliñ baş geñeşçisi bolup işledi. Haasyñ diplomatik tejribesinden başga-da çuññur hökümet tejribesi bar. 1989-1993-nji ýyllarda ABŞ-nyñ Prezidenti Jorj H.Buşyñ ýörite assistenti we Milli howpsuzlyk geñeşiniñ başlygy bolubam işledi. Owganystandan çekilme we soñky ýagdaýlar barada CFR-iñ näme diýýändigini birinji agyzdan eşitmek gyzykly bolsa gerek.

• Saýgondan Kabula

2021-nji ýylyñ 15-nji awgusty...
CFR-y dolandyrýan Riçard N.Haas ABŞ-nyñ Owganystan çykmagyny agyr sözler bilen tankyt topuna tutdy: "Kabulyñ çalt çöküşi Saýgonyñ (Wýetnam) 1975-nji ýyldaky masgaraçylykly çöküşini ýatladýar. Ýerli netijelerden (giñden ýaýran gapma-garşylyklar, zenanlara we kämillik ýaşyna ýetmedik gyzjagazlara garşy bolýan sütemler hem-de köpçülikleýin bosgunlar) zyýat, ABŞ-nyñ Owganystandaky strategik we moral şowsuzlygy ABŞ-nyñ dostlary we dostlarynyñ arasyndaky ygtybarlylygy hakyndaky şübheleri güýçlendirer."

1-nji anyklama: ABŞ Owganystanda strategik we moral taýdan taýdan şowsuzlyga uçrady.
Emma... Şu jümle beter agramly:
2-nji anyklama: Şowsuzlyk... ABŞ-nyñ dostlary we dostlarynyñ arasyndaky ygtybarlylygy hakyndaky şübheleri güýçlendirer…
Mundan beýläk täze oýnuñ meýdançasynyñ ady Owganystan!
Amerikan gizlin döwletiniñ Baýdene bildirýän nägileliginiñ añyrsynda "Bular ýaly çalt çökmeli däldi... Görkezilen sahna arassa ýeñlişden başga zat däl. Biz NATO-dyr Ýewropa Bileleşigine täzeden ýol görkeziji boljakdyk. Lider bolmalydyk. Muny gowşatdyñyz" pikiri ýatyr! Baýdeniñ gelmeginde möhüm rol oýnan CFR-iñ başlygy Haasyñ agyr sözleriniñ üstünden bäş gün geçdi we "ygtybarlylyk" saldarlanmaga başlady. Mysal üçin...

• Birinji nägilelik Germaniýadan

2021-nji ýylyñ 20-nji awgusty...
Germaniýanyñ Daşary işler ministri Heiko Maas "Spiegel" žurnalyna beren interwýusynda wagtal-wagtal NATO-nyñ kabul eden kararlarynyñ Waşingtonda kabul edilýändigini we Brýusseliñ bu babatda rolunyñ ýok diýerlik derejede azdygyny aýtdy. Ol haýsydyr bir ýere goşun salmazdan öñ munuñ syýasy tarapyny mazaly ara alyp maslahatlaşmagyñ gerekdigini nygtady. Tersine bolanda ABŞ-da kim prezident bolaýanda-da, Waşingtonda kabul edilýän kararlary ýerine ýetirmegiñ howpludygyny aýratyn nygtan Maas, şeýle diýdi: "...Biziñ ABŞ bolmazdan agyr halkara missiýalary dolandyryp biljek ýagdaýymyzyñ ýokdugy üçin köp zady amerikanlaryñ özi çözýär we biz ony ýerine ýetirýäris. Owganystandaky şowsuzlyk daşary we howpsuzlyk syýasaty taýdan dünýädäki jogapkärçiligimizi doly ret etmeklige sebäp bolmaly däl."

Netije: Türkiýäniñ, Hytaýyñ, Russiýanyñ, Germaniýanyñ, Angliýanyñ, ABŞ-nyñ bolan küşt tagtasynda kim, nirede, nähili orny eýelärkä? ABŞ "gidip" durka, türk esgerini o taýda saklaýmaly bolarysmy? 2020-nji ýylyñ fewralyndan bäri Owganystanyñ Talibana peşgeş ediljegini bilip durkagam, 14-nji iýulda bolmagyna garaşylýan NATO-nyñ ýygnagyna garaşyp durmagyñ näme manysy bardy? 2020-nji ýylyñ 29-njy fewralyndaky Doha şertnamasyny okasañyz, imperialist warwarlar bilen MRU-nyñ çöpdüýbi çagasy Taliban warwarynyñ daşyndan göräýmäge gyrlyşyp ýören ýaly bolup görünse-de, bile hereket edendiklerine göz ýetirersiñiz. Hut şonuñ üçinem Talibandan anti imperialist ýasajak bolmak taryhy logika tersdir! Munuñ üstünde ertir giñişleýin durup geçeris…

Aýtunç ERKIN.

"SÖZCÜ" gazeti, 24.08.2021 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Publisistika | Просмотров: 96 | Добавил: Gökböri | Теги: Aýtunç Erkin | Рейтинг: 3.0/1
Publisistika bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]