07:46
"Gitseňiz..."
"GITSEŇIZ..."

Gitseňiz, sag-aman baryň!
Ýol-yzda goja görseňiz,
Siz oňa köp salam aýdyň,
Ol meň atamdyr.
Garryja ene görseňiz,
Oňa kän-kän kömek ediň,
Ol meň enemdir.
Ýigitler - agalam,
Gyzlar uýamdyr.

Ýolda bir bägüljik görseňiz,
Oňa degäýmäň,
Şol - mendirin.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 52 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.2/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Новогодний тост / Goşgular - 15.01.2022
Günleriñ yşky / Goşgular - 03.01.2022
Ýyl täzelenýär / Goşgular - 07.01.2022
Система йогов / Goşgular - 11.01.2022
Häsiýet / Goşgular - 04.01.2022
Manuskript / Goşgular - 16.01.2022
Barsam atamöýmüze / Goşgular - 08.01.2022
Могила Гете / Goşgular - 11.01.2022
Клянусь / Goşgular - 11.01.2022
Agam / Goşgular - 14.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
Bägüli ýolmasyzdan bolduk…
Azajyk sanawaç, azajyk erteki, azajyk şu günki… ine-de netije.
Sen düzüwli erteki bilmersiň (sen diýemde özümi göz öňünde tutýandyryn),
çagalaram saňa erteki aýdyrjak bolarlar.
Senem başlarsyň:
…. gidip barýar eken, gidip barýar eken, öňünden garryja ata çykypdyr….
Soň ýene gidip barýamyş-gidip barýamyş, öňünden garryja ene çykypdyr…..
ýene gidip barýamyş-barýamyş, öňünden ýigit çykypdyr, soň gyz çykypdyr….
Iň soňunda onuň öňünden bägül çykypdyr….
Ony ýoljak bolupdyr welin bägül: meni ýolma men Suraý diýipdir….
- diýip duran ýeriňde erteki düzersiň-ä, ana şol ýada düşdi….
Goşgyny haladym.
Ýyzzylam basýan.
Döredip dur.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]