11:54
Gitler üçin öz janyna kast eden üç zenan
GITLER ÜÇIN ÖZ JANYNA KAST EDEN ÜÇ ZENAN

Kyrk milliona golaý adamyñ ölümine sebäpkär saýylýan Adolf Gitler bilen pynhan gatnaşykda bolan we kyssasy çyn söýgüsiniñ hatyrasyna öz janyna kast etmede kesişen üç zenanyñ başdan geçirenleri

Gitleriñ uzak wagtlap gezen we öz janyna kast etmezden bir gün öñ nikalaşan aýaly Ýewa Braun 1912-nji ýylyñ 6-njy fewralynda Germaniýanyñ Mýunhen şäherinde dünýä indi. Ol 1929-njy ýylda Gitleri birnäçe gezek surata düşüren nemes fotosuratçysy Genrih Gofmanyñ ýanynda işlände özüni "Jenap Wolf" diýip tanadan Gitler bilen tanyşýar. Onuñ bilen gezip başlan döwrüniñ ilkibaşlarynda iki gezek öz janyna kast etmäge synanşanam bolsa, Gitleriñ görlüp-eşdilmedik sütemine garamazdan oña bolan wepalylygyny ýitirmändir. Emma wagtyñ geçmegi bilen söýgüsi peselen Ýewa 1935-nji ýylyñ 2-nji martynda gündeligine "Şeýtan meni nämüçin alyp gitmeýärkä? Onuñ ýany şu taýdan-a gowudyr" diýip ýazanam bolsa, 1945-nji ýylyñ 30-njy aprelinde sowet goşunlary nemes blindažlaryna giren pursatyna çenli simap içip bilelikde öz janyna kast edýänçä ony ýeke goýmandyr. Gitler Ýewa Brauna şeýle diýer eken: "Seni gören ilkinji pursatymdan başlap elmydama ölüme gidende-de bile giderin diýip oýlapdym, sen meniñ ömrümiñ ýeke-täk sebäpkärisiñ."
Mugallym Fridrih Braunyñ we Fransiska Kronbergiñ ikinji gyzy Ýewa Braun liseýi tamamlandan soñ bir ýyllap söwda mekdebinde okaýar. Şol wagt ýeñil atletika bilenem gyzyklanyp ünsi çeken Ýewa saglygy goraýyş işgäri bolup birnäçe aý işländen soñ Mýunhende nasist partiýasynyñ fotosuratçysy Genrih Gofmanyñ ýanynda assistent we modelýera bolup işe başlaýar. Bu ýerde işläp ýörkä, ýagny 1929-njy ýylda ýañy on ýedi ýaşyndaka Gitler bilen tanyşýar.

• Gitler üçin öz janyna kast etmäge synanşan beýleki iki zenan

Mariýa Reýter


Diktator Adolf Gitleriñ on alty ýaşly Mariýa Reýter atly gyz bilen gezip, birdenem ony taşlamagy ýaş gyza agyr degipdir. Mariýa kir serilýän ýüpden özüni asanam bolsa, iñ soñky pursatda halas edilýär. Gitlere "Wolf" ("Möjek") diýip seslenen Mariýa: "Möjegim maña bek ýapyşdy. Onuñ maña göwnüniñ islän zadyny etmegine ýol berdim. Onuñ öýünde bile bolan gijämiz ýaly bagtly gijäni ömrümde-de gören däldirin" diýipdir. (Bu pynhan gatnaşygyñ bolandygy hernäçe tassyklanmasa-da, Mariýa Reýter 1992-nji ýylda Mýunheniñ garrylar öýünde aradan çykanda, onuñ jübüsinden Gitleriñ ýazan söýgi hatlary çykdy.)

Geli Raubal

Gitleriñ öweý doganynyñ gyzy Geli Raubal Gitler ony taşlandan soñ kän wagt geçmänkä öz janyna kast etdi. Soñy ölüm bilen gutaran bu öz janyna kast etme wakasyndan soñ Adolf Ýewa bilen ýygy-ýygydan duşuşyp başlapdyr. Ýokarda hem aýdyşymyz ýaly, Ýewa gatnaşygynyñ başky döwründe iki gezek öz janyna kast etmäge synanşypdyr. Birinji synanşygyny heniz ýigrimi ýaşyndaka özüni atyp amala aşyran Ýewa, ikinji synanşygyny 1935-nji ýylda uky tutdurýan gerdejikleri (demodrol tabletka) içip amala aşyrýar.
Bu hadysalardan soñ Gitler Ýewa öñküsinden wepaly bolup, oña bolan ünsi artyp başlapdyr.
Ýewa ýörite posobiýa bellän Gitler, şeýle-de oña ýörite "Mercedes" awtoulagyny äberip, hyzmatyna-da bir sürüji we bir hyzmatkär goýupdyr.
Ikinji jahan urşy ýyllarynda Gitleriñ ýanynda agaýana durmuşda ýaşan Ýewa Braun fotosuratlary aýratyn gowy görýän eken. Az sanly-da bolsa, onuñ özem reñkli fotosuratlary düşüripdir. 1944-nji ýylda onuñ dogany Gitleriñ ofiserlerinden German Fegeleýn bilen nikalaşandan soñ, onuñ bilen halk ýygnaklaryna gatnaşyp başlapdyr.
Ikinji jahan urşunyñ soñlarynda Üçünji Reýh ýykylanda Ýewa Gitlere wepaly bolup galjakdygyna äht edipdir. Gitleri aşa söýýändiginiñ hatyrasyna nijeme hunabalara döş geren we onuñ bilen goş birikdirmegi maksat edinen Ýewa on alty ýyllyk gatnaşykdan soñ Gitler bilen 1945-nji ýylyñ 29-njy aprelinde bolýan blindažlarynda nikalaşypdyr. Ýöne olaryñ nikasy bary-ýogy birnäçe sagat dowam edipdir. Bolýan blindažlarynda Gitler bilen bile simap içip öz janlaryna kast edenlerinde olaryñ nikalaşanyna kyrk sagadam geçmän ekeni. Olaryñ jesedi Gitleriñ öñden beren görkezmesi esasynda es-esçi (SS) ofiserler tarapyndan ýakyldy, külleri-de bir bagyñ içinde gömüldi. Nemesler bularyñ gatnaşygyny diñe olar ölenden soñ bilip galdylar.

• Genrih Gofman barada gysgaça

Kakasy ýaly fotosuratçylygy saýlap alan Genrih Gofmanyñ (12.09.1885-11.11.1957) 1908-nji ýylda bir heläkçiligi alan suraty onuñ giñden tanalmagyna sebäp bolupdyr.
1920-nji ýylda NSDAP-yñ agzasy bolýar. Gofmanyñ düşüren fotosuratlary poçta markalarynda, otrkrytkalarda, plakatlarda, kitaplarda ulanylýardy. Gitleriñ fotosuratlarynyñ poçta markalarynda ulanylyp başlanmagy-da Gofmanyñ teklibi bilendi.
1933-nji ýylda Gofman Reýhstaga saýlandy we Gitler 1938-nji ýylda oña professor derejesini berýär. Mundan beýläk Gofman nasistler partiýasynyñ metbugat organlarynda we propoganda işlerinde alyp barýan işleriniñ esasy guramaçysynyñ birine öwrülipdi.
Gitleriñ iñ gowy görýän fotosuratçysy Gofman öz gyzy Genriýettäni "Gitlerýugendiñ" ("Gitleriñ ýaşlary" guramasy) ýolbaşçysy Baldur Benedikt fon Şiraha durmuşa çykarypdy.
Gofman Ikinji jahan urşy tamamlanan badyna 1945-nji ýylyñ 10-njy maýynda amerikanlar tarapyndan tussag astyna alynýar dört ýyl azatlykdan mahrum edilýär. 1950-nji ýylda tussaglykdan boşan Gofman 1957-nji ýylda Mýunhende aradan çykýar.

Baryş KIŞIN.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Zenan şahsyýetler | Просмотров: 186 | Добавил: Haweran | Теги: Baryş Kişin | Рейтинг: 5.0/1
Zenan şahsyýetler bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 2
0
2 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Birhili gümansyradyp goýdular öz ä.

0
.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]