08:08
Git, saklamaryn
GIT, SAKLAMARYN

Git saklamaryn ýoluňy baglap,
Gideňsoňam "gitdi" diýip ýörmerin,
Geleniňde dogulmandym, hiç haçan
Ýalňyz goýup gidäýseňem ölmerin.

Şatlykly günlermi gussalar basar,
Hiç kim gelmez paýlaşmaga derdimi.
Sen üýtgediň, men üýtgedim kim biler,
Heý ýokmykä gussalaryň serhedi.

Özge gözler göreçlerňe baksada,
Alys bolsa ýollarmyzyň arasy...
Söýip bilmen özge birin sendeýin,
Ýazgydyma ýazylandyr öňdenem,
Aýralygyň tapylmajak çäresi.

Git saklamaryn ýoluňy baglap,
Gideňsoňam "gitdi" diýip ýörmerin,
Geleniňde dogulmandym, hiç haçan
Ýalňyz goýup gidäýseňem ölmerin.

Perman HALGYLYJOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 100 | Добавил: permanh2206 | Теги: Perman Halgylyjow | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Manuskript / Goşgular - 16.01.2022
Magtymguly / Goşgular - 04.01.2022
Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022
Ходил он от дома к дому... / Goşgular - 09.01.2022
Дело о поджоге Рейхстага / Goşgular - 11.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022
Это я... / Goşgular - 11.01.2022
Ömür düýşi / Goşgular - 13.01.2022



Всего комментариев: 5
0
5 Hyýalkeş   [Материал]
Gideñde ýüregimiñ gapysyny berkräk ýap, içindäkiler üşemesin.

0
3 Gumlygelin   [Материал]
@Perman goşgyny haladym jigim... Diñe meni nämüçin bilmedim *saklamaryn diýen söz biynjalyk etdi. Şony *Gidiber, saklaman ýoluñy baglap...diýen ýalyrak alsañ nähili bolarka. Şonda şo setirde bogun sanam deñleşjek eken...
Üstünlik hemran bolsun Perman!

0
4 Haweran   [Материал]
Aslynda "git, saklamaryn, gözüm görmesin, täzesini-senden gowusyny taparyn..." sözleri biziñ poeziýamyza soñ aralaşdy. Bilmedim, türk aýdymlarynyñ täsiri ýetdimi, nämemi...
Çyn söýgi - herhal goralýar, saklanýar. Kowulmaýar. Ugrunda jan berilip jan alynýar. "Git, gözüm görmesin" edilýän bolsa ýa-da haýsydyr bir sebäp aýrylyşmaga sebäp bolýan bolsa - diýmek, başyndan bäri ýalandyr, başga bir zatdyr, ýöne söýgi däldir.

0
2 Ejeşa   [Материал]
Bu gosgyny yazan ellerine saglyk.

1
1 mango   [Материал]
Geleniňde dogulmandym, hiç haçan
Ýalňyz goýup gidäýseňem ölmerin.

"aglak" goşgulary halap bilemok... :-)
gahryman bilen gahrymankaň arasy gülala-güllük bolan bolan bolsa.... eger-de.... onda:
Her geleňde men täzeden dogulýan,
Ýalňyz goýup gidäýseňem – ölerin. -diýerdi....

gitseň – erbet, gitmeseň – senden gowusy ýok....
bumy söýgi? :-)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]