04:00
Girman bagşynyñ dutary
GIRMAN BAGŞYNYÑ DUTARY

Menzil mähelleden hyryn-dykyndy,
Ugraýan, ugradýan saýgarmak kyndy.
Girman bagşy bolsa çalýar dutaryn,
Görmek üçin öz ýarynyñ didaryn,
Gara gözler gara göze esedýär,
Dutar bolsa iñläp şeýle ses edýär:
"Watan, gujagyña kabul et ogluñ,
Git-de, ýeñiş bilen gaýdyp gel, oglum!"

Iñ soñky hoşlaşyk, iñ soñky pursat,
Iner ogullarna berýär-de rugsat,
Dataram aglaýar, bagşam aglaýar.
Birdenem bolşuna edýär-de ejap,
Ýene mukam, ýene dutar saýraýar.
Diýýän ýaly: "Meýdan merdi saýlaýar!
Watan, mert hatarña kabul et ogluñ,
Git-de, ýeñiş bilen gaýdyp gel, oglum!"

Bagşyñ şo gezekki çalan mukamy,
"Mukamlar başysy" hemem "Aýralyk".
Ana, şonda gerçek-gerçek ýigitler,
Gitdi bizden ömür baky aýrylyp.
Ýöne ölümi-de ýeñen şo dutar
Gezdi ýördi gapy-gapy aýlanyp.
...Zalym uruş bolsa-da kän gurbanly,
Ili Ýeñiş toýun tutdy Girmanly!

Ata TÄZEBAÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 29 | Добавил: Haweran | Теги: Ata Täzebaý | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Yşk hem aýralyk / Goşgular - 08.02.2021
Dilber / Goşgular - 28.05.2021
“A men seň toýuňda çabga guýdyryn!..” / Goşgular - 10.04.2021
Bu dünýä özüni görer özümde.. / Goşgular - 06.01.2021
Uzaga hat / Goşgular - 13.02.2021
Ara / Goşgular - 18.03.2021
Seýrek nusga / Goşgular - 20.02.2021
Dagy böwsüp çykan gül / Goşgular - 07.04.2021
Bir ýerlere gitsem... / Goşgular - 19.01.2021
Durmuş otlusy / Goşgular - 20.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]