08:02 Girdap | |
GIRDAP Gandalladyñ gözleñ bilen erkimi, Durun indi butnap bilmän ýerimden. Dilim bir zat diýdi, ýüregim başga, Pikirlerim pytrap gitdi serimden. Sataşmaýyn diýip dideleñ bilen, Hyýalymda alyslara gaçdym men. Şonda-da jadyly tüweleý bilen, Señ nazaryñ girdabyna düşdüm men. Gitdim bardym tolkun bilen uzaga, Söýgi bilen hüwdülediñ kalbymy. Sen sallançak bolduñ, men bolsa çaga, "Bagtym" diýip sypaladyñ alnymy. Gapgardyñ sen meni söýgi deñzine, Gözlerimi gözleriñe siñdirip. Ökünmäýin şol çuñlukda galanma, Öz dünýämi señ dünýäñe çümdürip... Nartäç ÝUSUPDURDYÝEWA. | |
|
√ Сначала страдать / Goşgular - 25.02.2022 |
√ Фламинго / Goşgular - 11.01.2022 |
√ Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022 |
√ Garga dilinden öwrenje terjime / Goşgular - 19.01.2022 |
√ Lal gyza... / Goşgular - 31.01.2022 |
√ Gysga satiralar, kelte setirler / Goşgular - 04.02.2022 |
√ Sen gelýäň... / Goşgular - 12.01.2022 |
√ Пистолет одиночества / Goşgular - 21.02.2022 |
√ Первый снег / Goşgular - 16.02.2022 |
√ Garynja bilen ary / Goşgular - 22.02.2022 |
Всего комментариев: 0 | |