10:35
Gijigen myhman / erteki
GIJIGEN MYHMAN

Bir bar eken, bir ýok eken, häzirki zamanlarda gaz, durna, ördek, alahekge, serçe, oklukirpi, pyşdyl hem-de gurbaga dagylar dost bolupdyrlar. Olaryň hersi aýry ýerde ýaşasa-da, mahal-mahal birek-birekden habar alyp durupdyrlar. Iň esasysam her gezek biriniň öýüne üýşüp, uzak wagtlap şagalaň gurap oturar ekenler. Şol güni öý eýesi dostlaryna giňden saçak ýazyp, uly hezzet-hormat eder eken. Mahlasy, olar şol güne maşgala toýy hökmünde garapdyrlar. Onsoň toý çakylygyny alan dostlar özleriniň ähli işlerini taşlap, çagyrylan ýere emgenmän barar ekenleri. Kä toýlar saz-sözbet bilen şady-horramlykda geçse-de, käsinde özara düşünişmezlikler ýüze çykypdyr, şonda-da ähli zat gülala-güllük bilen çözülipdir, agzibirlik hemme zatdan üstün çykypdyr. Ine, bu günem şeýle toýlaryň biri ördegiň öýüne ýygnanyşylanda bolupdyr. Ördek toýuň saçagyny her dürli ir-iýmişden doldurmagyň irgözinden aladasyny edipdir. Durna bolsa hemişeki ýasawullygyny edip, bu çakylygy dostlaryna ýekänme-ýekän habar edip çykypdyr.
Şeýdibem şol gezek pyşbagadan başgasy wagtynda gelipdir. Olar ördegiň naz-nygmatdan bol saçagyny görüp, agyzlaryny açypdyrlar. Ýöne hiç kes oňa el urmaga milt edip bilmändir. Ördek:
- Ynha, hä diýmän, pyşbaga dostumyzam geler, onsoň nahara-da başlabereris - diýip, myhmanlaryndan birsellem garaşmagy haýyş edipdir.
Olar ep-esli wagtlap garaşyp oturypdyrlar, ýöne pyşbaga gara bermändir.
Häliden bäri orta goýlan nygmatlara ymsynyp, ýuwduna-ýuwduna duran gazyň halys iýesi gelip:
- Dostlar, menden aýyp-syn etmäň, meniý içim eljuk diýýär, mundan aňryk garaşyp durup biljek däl!—diýip, gultunypdyr.
Ördek:
- Durna dost, pyşdyl dostumyza habar etmegi unudan bolaýma, bolmasa... —diýip, durnadan sorapdyr.
- Habar etmesine-hä habar etdim, onda-da hemmeden öň şoňa habar etdim. Ýöne, oňa ir aýdaňda-da, giç aýdaňda-da, parhy nä, barybir şol mytdyllap ýöreýşi bilen iň soňundan gelýär. Sen oňa beled-ä, geçen gezek gazyň toýunda-da hemmeler dargansoň gelmänmidir.
- Belki oňa jaň ederis!—diýip, gurbaga wark-wark edipdir.
Durna:
- Haýp, ýaman ýeri pyşdyl dostumyz ýany bilen telefon götermeýär. Öýüne jaň edeniňem peýdasyz, ol häzir, barybir ýoldadyr.
- Elbetde, ýoldadyr - diýip, synçy gurbaga wark-wark edip birgeňsi bökjekläpdir. - Görýän welin siziň ähliňiziň aladasy gara garnyňyz. Pyşdyl aganyň gelerine garaşmasak bolmaz. “Uly başlar, kiçi işlär“. Ählimizden ýaşuly. Garaşmasak gelşiksiz bor, surnugyp geler welin, bizem bu zatlaryň soňuna sogan eksek. Men-ä şonsuz bu zatlara elimem degrip biljek däl. Bolmasa, onuň iýjek paýyny bir gyrada aýryp goýalyň-da, başlabereliň.
Ýüzüni aşak salyp, ýer dyrmansoň, serçe-de ýuwaşja seslenipdir:
- Ýok, bolmaz. Garaşmak gerek. Nahary üýşüp iýseň süýjem bolýar. Eger kimde-kim pyşdyl dostumyza garaşman başbozarlyk etse, eşitdim-eşitmedim diýmäň, men oňa bolşy-bolşy ýaly gürrüň bermeli borun.
- Bolmanda-da, serçäň ýaňralyk häsiýeti galasy ýok-la--diýip, alahekge ýüzüni turşadypdyr.
- Sen maňa ýaňra diýýäňmi?—diýip, serçe alahekgäniň üstüne çöwjäpdir.—Men ýaňra bolsam, sen kim onda? Geçiň öň aýagy ýaly hemme ýere sokulyp ýören-ä sen. Gep tapsaň, agyz dolduryp, bir zady bolmalysyndan bäş beter ulaldyp aýtmaga-da sen ökde.
- Nokgy-nokgy edip, gep çagaladyp oturma-da, hany aýt, men nirä sokulanmyşym!?
- Ho-ol arada, “Kim suwsuzlyga çydamly jandaryň adyny bilýär?” diýip çagajyklara berlen kimbilmeşek oýnam sen sebäpli başa barmandyr.
- Ýeri, ýeri, men name edipdirin? Meniň kimbilmişek oýnuna name dahylly ýerim bar? Hany, aýt?—diýip, alahekge öňe dazarylypdyr.
- Aýdaryn, aýtman name?! Barybir, men aýtmasamam ol basym agyzdan-agza geçip, il arasyna ýaýrar. Kimbilmeşek häli-şindi biziň körpeje çagalarymyzyň arasynda gurnalýan oýun. Sen şonam bileňokmydyň?—diýip, serçä alarylypdyr. - Ýa seň sowadyň ýokmy? Onuň şerti bilen tanyşmadyňmy? Bäş ýaşyna çenli çagalarymyz üçin niýetlenmedik bolsady, onuň jogabyny her kesem aýdyp bilerdi. Goý, çagajyklarymyzyň özleri oýlansynlar, öz başlaryny özleri çarasynlar diýlipdir. A, sen bolsaň, hemmelere eşitdirip, onuň jogabyny dessine aýdyp goýberipsiň. Bu hereketiň gelşiksiz-ä.
- Bolýa, gygyryşmalyň!—diýip, durna ara goşulypdyr.—Alahekgäň habarçylygy düşnükli boldy, serçäň ýaňralygy nämede? Şonam eşidäýsek?!
- Ony men özüm aýdaýyn.—Serçe münbere geçen ýaly dim-dik durup gepläpdir.—Ho-ol ýagynly günde daýhanyň mellegine bardyk. Biz serçeler bolup jöweniň üstünde gykuwlaşyp otyrkak, şo mahallar bu ýerik alahekge-de gelen bolmaly. Biziň ondan habarymyz ýok. Şo mahalam bir ýerlerden gykuwlap daýhan çykdy. Biz serçeler daýhany görüp, möý pytran ýaly dumly-duşa dagadyk. Daýhan bizden soň alahekgäni gapjapdyr. Ine, bar bolany. Şol günüň ertesi öňümden çykanda: „Siz serçeler agzyňyzy ýerden tapan ýaly lakgyldap ýören, ýaňra ekeniňiz. Meniň şu ýerdeligimi daýhanyň ýanynda siz ýaňran bolmaly. Daýhan meni tas öldüripdi. Siziň bolsa her dişiňizde bir gülki“ diýýär. Biziň hiç zatdan habarymyzyň ýoklugyny aýtsagam ynananok. Biz bolsak, şo mahal başga bir zada,özümiziň daýhanyň elinden zoraýakdan sypanlygymyza gülüşýärdik.
- Aý, goýalyňla-how, şu gürrüňleri. Bolmanda-da, ýeriň teýinde ýylan gäwüşese-de bilinýär ahyryn. Boş-boş gürrüň etmäliň-de, garnymyzy doýurmagyň alajyny edeliň!—diýip, gaz ara goşuldy.
- Wah, şumat waharman gawuny bolan bolsady—diýip, oklukirpi gürrüňi başga ýana sowmakçy boldy.
- Bu ýere gawunly gürrüň nireden geldi? Senem, kirpi dost, öz ýanyňdan göwnüňi hoşlap, agyz ýaglap oturma.—Ördek janygyp gürledi.-- Gawun-garpyzlar bişip başlap, ýaňy agza burna gelende, güýçli doly ýagyp, ekinleri bir ýanyndan zaýalap gitdi. Indi, saňa-ha däl, daýhanyň öz çagalaryna-da gawun-garpyz ýok.
- Sen hemişe bir zat hakda gürlesem, agzyma ýapyşýarsyň. Munyň bolanok, ördek dost. Menem şonuň ýoklugyny bilemsoň, bolsady ekýän-dä!
- Sen ony bileňok, bilýän bolsaň, märekede agzyňa gelenini otlap oturmazdyň. Agyzda aş gatyklap, diliňde hemme zady bolsady edip, boş-boş gürlemek nämä gerek?
- Sen ondan gaty görme, ördek dost, kirpidir-dä. Agzyna jaň daňylan ýaly, asla gürlemän dymyp oňýan, geplemezek jandarlardan däl. Agzyna ak gelse-de aýdyp goýberer, gara gelse-de. Ýöne onuň ýüregi welin ynan, süýtdenem akdyr.
- Ba-aý, walla, hekge dost, senem örän daşdan görýärsiň-ow! Iki egniňden gum sowuryp durmazlar-da, eden işiňi boýun alaýarlar. Şonsuzam biz gaty ajykdyk.
- Dogrudanam şol gezek kimbilmeşegiň jogabyny saklanyp bilmän aýdyp goýberipdirin. Ýeri, aýdamda näme? Kimbilmeşek oýnuny täzedenem gurasa bor. Serçedir-dä, şol bir zady maňlaýyňa berip durmany gowy görýä.
Alahekgäniň aýdyp duran sözlerini durna agzyndan kakyp aldy:
- Indi, bes edeliň, her zadyň öz çeni-çaky bar, hekge dostumyz eden işini ak ýürekden boýun aldy. Beýdişip, biri-birimize kesek atyşyp otursak, biziň dostlugymyzyň arasyna tow düşer.Alahekge dostumyz bir hata goýberipdir diýip ýüregiňi ele alybermek bolmaz-a?
Şondan soň alahekge-de agzyna suw alan ýaly dymyp oturypdyr. Serçe-de gerinjiräp duran ýerinden jedirdäpdir:
- Meni bagyşlaň, dostlar. Baryna men günäkär, alahekge maňa ýaňra diýensoň…
- Ýogsa-da, kim eken suwsuzlyga çydamly? Gurbaga dost, sen bilýäňmi?—diýip, gaz ýene-de başky gürrüňe gaýdyp gelipdir.
- Düýe bolaýmasa?!
- Ýok dost, onyňa-ha hä diýmen.
- Alaka!—diýip, häliden bäri agzy mumlanan ýaly bolup oturan alahekge saklanyp bilmän gygyrjaklapdyr.
Serçe:
- Ana, gördüňizmi, hekge agzynyň eýesi däl, diline buýrup bilmeýän ýaňra diýsem gaharyňyz gelýär. Gördüňiz-ä, ine, şu gezegem saklanyp bilmedi.
Alahekge:
- Dogru-da, ýogsam han-ha aramyzda suwsuzlyga çydamly dine düýedir öýdüp ýörenem bar.
Serçe:
- Şonuň üçinem ol oýna kimbilmeşek oýny diýýäler. Bu sowalyň anyk jogabyny bilmek üçin çagajyklara pikirlenmäge ep-eslije wagt hem berilýär. A sen bolsaň, igdäniň aşagynda ýatyp turanyky ýaly kelläň üýtgäpdir. Mydama pynhanlygy duýdansyz paş etmäge, diliňden sypdyrmaga ökde.
Alahekge:
- Men içi ýatakly, gören-eşiden zady hakynda gürlemeýän, bilýän zadyny içinde saklap ýöränleri ýigrenýän.
- Wagty bilen geler ýerde gelmezlik hem gowy häsiýet däl-how! - diýip, gaz bu gezek özüniň nägileligini hemmelere eşitdiripdir. - Bir ýerlerde eglenip, hemmämizi irikgä edip goýsa-da, piňine däl. Rast, gelip bileňokmy, ýolda-yzda kimdir bir ýolagçyň elindenem jaň edip bolar ahyryn. Ýaşula gelişmejek zat.
- Ajyganyň gaty çynyň öýdýän. Seniň açlyga bolmaýanyňy öňem bilýärdim-le welin, bu günä halysam göz ýetirdim.—Gurbaga gazyň ýüzüne nebsiagyryjylyk bilen garapdyr.—Ýöne, nätjek-dä, ”Agza geldi“ diýip, diýiberme, "öňe geldi“ diýip, iýiberme“ diýilýändir.
- Wah, dost jan, garawulçylykdan gelelim bäri, ördek dostumyzyňkyda ine-gana garbanaryn diýip, dişiň kirini açdyňmy diýsene. Halys içim goruldy.
Gurbaga gazyň göwnünden turmak isläpdir:
- Ýöne ýere "Myhmanyň öňünde aş goý, iki elini boş goý“ diýmänmidirler. Aç bilen dost boljak bolsaň, ilki bilen onuň garnyny doýurmaly. Nesip bolsa, indiki toý meniňki bolar. Walla, gaz dost, öňi bilen seni toýuň hem öňünden, hem soňundan doýurmasam, meniňem gurp aga bolmadygym.
- Ýer-ow, gurbaga dost, senem indi öwünmäge başladyňmy?- diýip, durna bar sesi bilen gygyrypdyr. Ine, şo mahalam gapyda pyşbaganyň görünmegi, bu gürrüňiň soňuna nokat goýupdyr. Ördek myhmany garşylapdyr. Eli hasaly pyşdyl ilki sag aýagyny, soň sol aýagyny galdyryp, içerik ätläpdir. Özi barada içerde bolan gürrüňleriň baryny diňlän borly, gele-gelmäne dostlaryndan ötünç sorapdyr:
- Men garryny bagyşlaň! Nätjek, menem bilgeşlän gijä galmadym, bir başym bar, müň işim. Şu toýa-da göz gatyryp geläýdim--diýip, içerik giren pyşbaga uludan dem alypdyr. Soňam başyndaky kersenini bir gapdala gyşardyp, ýagşy demini dürsänsoň, saçak başyna geçip, jaýlaşykly oturypdyr-da: - Indi kime garaşýaňyz? Hany, başlaň, nahary sowatmak bolmaz-a. Işdäňiz açyk bolsun!—diýipdir.
Şondan soň dostlaryň ählisi agzybirlik bilen ördegiň nazly-nygmatdan doly datly saçagyna bakan süýşüpdirler. Basym öýke-kine-de unudylypdyr, birek-birekden gaty görme-de bolmandyr. Olar hemişekileri ýaly bu gezegem şady-horram bolup, mesaýy gürrüňleşip oturyşlaryna daňyň bireýýäm guýruklaberinem duýmandyrlar.

Goçy ANNASÄHEDOW.





Категория: Ertekiler | Просмотров: 88 | Добавил: Haweran | Теги: Goçy Annasähedow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Ertekiler bölümiň başga makalalary

Jadyly dünýä / erteki - 30.04.2022
ԱՌԱՋԻՆ ՍԵՐԸ / Первая любовь сказка - 18.02.2022
Howsala düşen ýylanlar / erteki - 29.04.2022
Gijigen myhman / erteki - 30.04.2022
Nedirguly / erteki - 30.04.2022
ԹՈՒՐՔԻ ԱՂՉԻԿԸ / Турецкая девушка - сказка - 18.02.2022
Человек и слон / сказка - 12.03.2022
Kerepli sakyrtgalar we daýhan / erteki - 29.04.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]