12:20
Gijigen arzuwlar
GIJIGEN ARZUWLAR

Derdim artyp, gam baglanda gözümi,
Şo günleri ýada salasym geldi.
Men- aşyga rowa görmän özüňi,
Giden ýollaryňy göresim geldi.

Dünýäni unudyp söýgi ýolunda,
Yşk meni gurşady sagy-solumda,
Habar almasaň-da ýalňyz halymdan,
Göwnüme göwünlik beresim geldi.

"Söýgi külpetinden basyldym" diýmän,
Durupdym sözümde, kemini goýman,
Başyňda göremde al-ýaşyl öýmäň,
Baş alyp düzlere çykasym geldi.

Ykbalyma düşen günleri ýatlap,
Durmuş gapysyndan täzeden ätläp,
Käteler bu zatlaň baryny otlap,
Gözümi ýaşardyp gülesim geldi...

Yzda galdy şeýle geçen pursatlar,
Gaýta-gaýta doňup eräp gursaklar,
Könelipdir ýürekdäki hasratlar,
Bagtdan öz paýymy alasym geldi.

Soltansöýün GARRYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 94 | Добавил: aynaamangeldi | Теги: Soltansöýün Garryýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Watanym / Goşgular - 18.01.2022
Mende daşa-da söýgi bar / Goşgular - 21.02.2022
Возвращение птиц / Goşgular - 16.02.2022
Дело о поджоге Рейхстага / Goşgular - 11.01.2022
"Ýürekde agym bar..." / Goşgular - 12.01.2022
Söýgülim / Goşgular - 13.01.2022
Göwün / Goşgular - 27.01.2022
"Men sen hakynda, iñ arzylym hakda..." / Goşgular - 23.02.2022
Беременные женщины / Goşgular - 16.02.2022
Bolar / Goşgular - 19.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]