06:15 Gijeki goşgy | |
GIJEKI GOŞGY Uz ýörap, gelýardi asylly, Görip, barja erkim basyldy. Görkinden aý nury saçyldy, Gözlem barşyna garap gitdi. Göreçlerem göreje çümdi, Aý diýsem-ä aý-dy, hem gül-di. Her aýdany bolupjyk hüwdi, Bu kalbyma-da ýarap gitdi. Gülden görk, aýdanam nur atyp, Haýrana galdym, aklym ýitip, Sözlerim ýüregine ýetip, Doňdurma deýin eräp gitdi. Elime aldym-da ter çemen, Ýar yzyndan ylgadym menem, "Men-ä söýdüm, söýermiň senem", Dymdyda, başyn yrap gitdi. Gygyrdym, deme ýetmän demin, Nä dymýaň, Aýtgyn bolsa kemim! "-Bir görene söýýän diýermiň?! Oýlangyn diýip, ýöräp gitdi. Diýdim. Kararym berdim eýýäm, Ýandyrsaň ýanjak, köýdür, köýýän! "-Men-ä entek diýmerin söýýän", Barja umytlam üwäp gitdi. Nätjek, meňem aljagym anyk, Maňa ýar bol! Uzatdym ýüzük, Birdenem gygyryp budilnik, Ähli arzuwlar küräp gitdi, Şeýdibem goşgy döräp gitdi. Ylham GURBANALYÝEW. 2020. | |
|
√ Ykbala haýyş / Goşgular - 14.01.2022 |
√ Söwdügim / Goşgular - 26.01.2022 |
√ Ýyllaň geçýänine gynanamzok biz..." / Goşgular - 23.02.2022 |
√ Выходец из могилы / Goşgular - 26.02.2022 |
√ Men ak daglary gördüm / Goşgular - 13.02.2022 |
√ Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022 |
√ Premýera / Goşgular - 18.01.2022 |
√ Все повторяется / Goşgular - 19.02.2022 |
√ Последний человек на Земле / Goşgular - 04.02.2022 |
√ Ангел песнопения / Goşgular - 15.02.2022 |
Всего комментариев: 0 | |