11:43
Gijäñ agramy
GIJÄÑ AGRAMY

Gije ýary, daña golaý
ümsümligi diñledän.

Ne maşynyñ sesi, ne-de bir guşuñ,
Ne ynsanyñ gohy bozýar ünsümi,
Tañryñ agramyça agyr ümsümlik.

Agaçlaram dymýar, güllerem dymýar,
zaman soñlan ýaly doñup dur salym,
ezeliñ boşlugna öwrülip oÿlam
şo ýerde doñyar.

Gije ýary, daña golaý
ümsümligi diñleýän.

diñleýän
garañky otagyñ syýa tümlügin,
duýýan tenimde
tünüñ
gurşun siñen agramyn.

Ölümmi bu, düýşmi bu?
çalaja yş
görünmeýär bu ýagdaýdan sypara.
garaş gözüm,
garaş gömülen gözüm
bir gaçalga tapara!

Gije ýary, daña golaÿ
ümsümligi diñleýän.

diñleýän, diñleýän,
ünsüm bilen diñleýän.
Has uzakdan,
öz ruhumyñ künjünden
eşidilÿär bir owaz,
göýä dutar owazy
çalyp dur barmaklaryñ güñ oýy
ajap bir sazy.

Gije ýary, daña golaý
söýgi aýdymy …
yşkyñ
bir mylaýym çawuşy
gijäñ mañlaýyna salýar nagyşy.
bozýar güñlügi onuñ ataşy
ýuwudýaryn tümlügi.

Daña golaý, gije ýary
ümsümligi ýuwudÿan,
dirilik zäherin ýuwudan ÿaly.

2020 Ibrahim B.





Категория: Goşgular | Просмотров: 46 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Теги: Ybraýym Badahşan | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
Watan hakda aýdymym / Goşgular - 07.02.2021
Bu dünýä özüni görer özümde.. / Goşgular - 06.01.2021
Sungat bolup galaýyn / Goşgular - 01.01.2021
Nyşan / Goşgular - 08.02.2021
Watan mähri / Goşgular - 09.01.2021
Guwlar geçýär amman-amman... / Goşgular - 07.02.2021
Iki kitap / Goşgular - 03.06.2021
Atsyz goşgy / Goşgular - 21.10.2021
Habar / Goşgular - 16.02.2021



Всего комментариев: 2
1
2 mango   [Материал]
tümlügi, ümsümligi ýuwudyşam gyzyk.

0
1 Nurdan   [Материал]
Agramly, oýlandyryjy eser.
"Tañryñ agramyça agyr ümsümlik" diýen ýerinde "beeh" diýdirýär, Tañrynyñ agramyny ölçäp bilmejegiñi bilişiñ ýaly-da ümsümligiñ agyrlygy hakynda bir zatlary oýlap tapjak bolup pikire batanyñy duýman galýañ, köp zat öwrense boljak bu agramy ýetik eserden. Haladym!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]