21:10
Gerekler

GEREKLER

Berlen maslahatlar, edilen kömekler,
Elmydama kuwwat berendir maňa,
Ýürek bilen gülüp garan melekler
bilen, dünýä söýgi gelendir maňa.

Ýazyň ýazdygyna düşünendirin,
Duýandyryn guwanmagyň tagamyn.
Biwagt hyýallardan üýşenendirin,
Maslahatyn alandyryn agamyň.

Tomsyň yssysyna derlände maňlaý,
Günüň şöhlesine gamaşanda göz,
Ýasda ýatlanylsam, gulagym şaňlaý,
Käte dünýe bilen azaşanda söz.

Şol açyk gowünleň, açyk ýürekleň
Ta:ýy bolup ýaşandyryn ömrümi,
Bar bolansoň hemaýatçy gerekler,
Ýeňil geçilýändir ykbal öwrümi.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 88 | Добавил: Allanazar | Теги: Allanazar Rejebow | Рейтинг: 3.5/2
Goşgular bölümiň başga makalalary

Keramat bar bu toprakda / Goşgular - 05.02.2021
Goşgular / Goşgular - 06.04.2021
Психея / Goşgular - 03.06.2021
Yşk nyşanlary / Goşgular - 12.02.2021
Towakga / Goşgular - 18.03.2021
Goşgy hakynda goşgy / Goşgular - 17.03.2021
Daşary ýurtdan gelen türkmeniň aşgabatly garyndaşy bilen söhbeti / Goşgular - 15.02.2021
Duralgada / Goşgular - 12.03.2021
Gije / Goşgular - 08.04.2021
Mynajat / Goşgular - 15.04.2021
Всего комментариев: 5
0
4 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Bilmedim-dä awtor.Öñe sûrülýän uly bir pikir ýok.Täze tapyndy ýok.Şahyrana jümle ýok.Adaty goşgy-da.Gaty görmäweriñ!

0
3 Allanazar   [Mowzuga geç]
Özüme baha bermän mende-de şeýle häsýet bar diýjek bolupdym.

0
2 Aksary   [Mowzuga geç]
Şol açyk gowünleň, açyk ýürekleň
Ta:ýy bolup ýaşandyryn ömrümi,

Özüñe özüñ baha kesýän ýaly bolup dur!

Meselem:

Taýy bolup ÝAŞAP BILSEM ömrümi

Diýen bolsañ gowy boljak ýaly.

0
1 Allanazar   [Mowzuga geç]
Seslenen bolmady welin... Pikiriňizi ýazsaňyz minnetdar bolardym.

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Allanazar aga, sesleneñzok diyyäñ, özüñizem täze goşgularyñyzdan goýañzok..

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]