15:34
Geň bolup barýar...
GEÑ BOLUP BARÝAR...

Görülmedi öňler beýle ahwalat,
Geçdigiçe günler geň bolup barýar.
Barlyňky bolup dur, şol öňki halat,
Misgin haly barha teň bolup barýar.

Bir agza birikmez hemme başlaram,
Ýat bolup bilenok hemme daşlaram,
Düýnki önüp-ösen emmedeşlerem,
Bugün bir-birine jeň bolup barýar.

Ählisi şowuna, işleri oňan,
Keýpleri asmanda, kelleler doňan,
Etjek işin edip, bolansoňlaram,
Bir bendäň bagtyna meň bolup barýar.

Geljegim diýe guwanyp ýöräni,
Belli bolman galdy, nirden döräni,
Sylaman ösdüren ata-enäni,
Indi "jüýje-horaz" deň bolup barýar.

Ynsanýetiň beýik serhetin bozup,
Baýamak islegi, möwç urýa ozup,
"Sagbolsun" gezip ýör gabryny gazyp,
Imansyz wyždanlar leň bolup barýar.

Şükür, aýdym-saza bolçulyk geldi,
Daş alyp zyňaýsaň aýdymça degdi,
Herkim bir notany üýtgedip indi,
"Awtorlyk" aýdymlar heň bolup barýar.

Gowluga gidenok hemmeleň başy,
Erbetlik gurşaýar töwerek-daşy,
Özün görkezip bir kelleliň boşy,
Bolgusyz zat etse, ýoň bolup barýar.

Her näme bolsa-da gowluga ýanaň,
Şer işi ýok edip, haýyry sanaň!
Entek wagty däldi ahyrzamanaň,
Bolmaly wagtyndan öň bolup barýar.

Ylham GURBANALYÝEW.

2021





Категория: Goşgular | Просмотров: 140 | Добавил: Alchemist23 | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Потомки / Goşgular - 23.02.2022
Eger seni söýmedik bolsa / Goşgular - 22.02.2022
"Aýralykda ýalñyzlyga ýan berme..." / Goşgular - 24.01.2022
Стихи / Goşgular - 25.02.2022
Tötänlik / Goşgular - 12.01.2022
Встреча / Goşgular - 16.02.2022
"Лежала я вечор в беседке ханской..." / Goşgular - 17.01.2022
Hal / Goşgular - 02.01.2022
То одно, то другое / Goşgular - 19.02.2022
Aglak gyzyň aýdymy / Goşgular - 14.02.2022



Всего комментариев: 8
0
6 Aksary   [Материал]
"Entek hiç kimiñ ýüzlenmedik tärlerine ýüzlenjek boluñ."

Tarapkär boldugym däl....
"Ýaz saña"-ny okap gör, Ylham kaka.
Beý diysem bir pikirlidir öýdäýmäñ...
Babany

0
8 Alchemist23   [Материал]
Size-de teswiriňiz üçin minnetdar! Nesip bolsa bolar...

0
4 Aksary   [Материал]
Ýone bey diydigim, döredijilikden daşlaş diydigim däĺ dogrusy. Özum barada aydyp otursam men adatca poeziyany halayan.

0
3 Aksary   [Материал]
Salam, Ylham kaka. Goşgynyñ başynda
Görülmedi öňler beýle ahwalat,
Geçdigiçe günler geň bolup barýar

Ýaly setirlerde nähili ahwalatdygyny beýan etseñ, ilkinji nobatda.

"Hemmeleñ başy" ýaly sözleriñem kän kabul edip biljek däl men-ä.

0
1 Haweran   [Материал]
Oñlamok şeýle goşgulary. Birinjiden klassyky forma, şeýle formadaky soñky ýazylýan goşgulardaky öwüt berijilikli igenme agdyklyk edýär (Okyja igenseñ, akyl bermäge synanyşsañ, ol aýdanyñy etmeýär, gaýtam okamaýar, gaçýar).
Okyjyny pikirlendirmek üçin goşgynyñ täze-täze formalaryna ýüzlenmeli we klassyky formadaky gury pikir ýöretmelere däl-de, öwrümli metaforalara, duýgyny açyp görkezýän dürli-dürli edebi tärlere ýüzlenmeli.
Ikinji belligim, otur-nokat belgilerine üns bereñok. Muny sowady peslikden edýänsiñ diýip göwnüñe degip biljek däl. Kämilligiñ çägi ýok. Entek öwrenmeli zatlaryñ az däl ýaly. Otur-nokatsyz goşgularam ýazylýar, ýöne bular ýaly däl, başga-başga formalarda.

0
2 Alchemist23   [Материал]
Salam!
Okyjy halamaz diýipsiňiz, bolmanam okyja, ýagny adamlara hakykaty aýtsaň halaýan az bolýar!
Duýguny açmalam welin, duýgyly zatlar ýazmalam welin, durmuş diňe duýgudan ybarat däl-de...
A otur meselesine gelsek, onuň üçin sagboluň, göz öňünde tutular!

0
5 Haweran   [Материал]
Düşünmediñiz. Hakykaty aýtmaly däl diýmedim. Bu aýdylýan zatlara ikimizden has gowy düşünýärler.
Awtor okyjyny özünden okumyş, özünden sowatly hasaplamasa, sagdyn eserleri ýazyp bilmez. Tüweleme, şindiki zamanyñ okyjylary hem okumyş, hem talapkär.
Hakykaty aýtmagyñ has inçe tärleri bar. Entek hiç kimiñ ýüzlenmedik tärlerine ýüzlenibem, akyl öwredýäniñi bildirmänem pikirlendirýän, hatda adamy ýalñyş ýoldan dänderip, dogry ýola girmegine sebäp bolup biljek goşgulary ýazyp bolýar.
Kerim Gurbannepesowda, esasanam Berdinazar Hudaýnazarowda şeýle kämil goşgular barmak büküp sanardan kän. Meselem, Berdinazar Hudaýnazarowyñ "Utanç" goşgusy:

Bu-da bir gytalan zatlaryñ biri,
Tapamok aýlanyp şunça dükana.
Ýaş dükançy ýaşulyny çürkedi,
"Toba" diýip, elim goýdum ýakama.

Men diýdim:
- Utanjyñ-haýañ ýokmudy?
Ýaş dükançy diýdi:
- Bagyşla, atam,
Ýaponlar biz bilen söwdany kesdi -
Köpden bäri ýokdur o diýen matañ...

Halallyk hakynda gürrüñ edip dur,
Göräýmäge epeý, döwlet ogrusy.
Ýogsam, haram pula satyn alnypdy
Diplomy, maşyny, çini, howlusy.

Müýnürgemek nire,
Uýalmak nire -
Galstugyn oýnap,
Owsunyp her ýan,
Halallyk barada takal okaýar,
Eý, estagpyralla!!!
Haýran men, haýran.

Aýaly ärine igenýär öýde:
- Illerde bar ukyp bir sende ýokmy? -
Giden bir edarañ eýesi bolup,
Puldan kösendirýäñ -
Utanañokmy?

Utanýar...
Utanmak kemi galanok.
Utanjyndan ýaña dişleýär dilin.
Ýöne, utanmaly adamyñ däl-de,
Señ özüñ bolmaly ýaly-la, gelin?!

Aksakal diýilýän adamlañ biri
Ýaşkiçi kärdeşin çykaryp çete,
Sargyt edýär oña gol ýygnamagy
Bir bendäñ üstünden ýazyljak hata.

Iki dost duşuşsa - gürrüñi şumluk,
Üç ülpet sataşsa - edýäni gybat.
Gybaty heleýler edýän ýalydy,
Indi erkeklere ýetipdir nobat.

Gelin gelne diýýär oýnadyp gaşyn:
- Dogrudan-da, seniñ gezýäniñ ýokmy?
Şo bir äriñ bilen gün görüp ýörmüñ?
Durmuşdan galypsyñ,
Utanañokmy?

Ýok, ol utananok!
Utanmaz ol -
Berekella, saña, buýsançly Zenan!
Dönüklik edeni aklamaz hiç kim,
Hiç hili jemgyýet, hiç hili zaman!

Bu dünýe nähili owadan, dostlar,
Adam bu dünýäniñ iñ ajap nagşy.
Emma ökünmeli adam ökünip,
Uýalmaly adam uýalsa ýagşy.

Men bilemok: ýa garaýşym ýöntemmi,
Men bilemok: ýa-da özüm sadamy,
Ýöne, düşünşimçe - bihaýalyk däl -
Utanç-haýa adam edýär adamy.


Okyjy indi beýle formalardan ýadady. Hakykaty aýtjak bolsañ, ine, şeýdip aýtmaly. Döwrüñ talapkär okyjylaryna "hakykaty aýtsañ halanok" diýip kembaha garasañyz, diñe ýazýanlaryñy däl, özüñem halamazlar.

0
7 Alchemist23   [Материал]
Bagyşlaň, indi düşindim! Minnetdar aýdanlarňyza, amalda ýerine ýetirmäge synanşaryn!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]