12:18
Gelmediñ
GELMEDIÑ

Otly tomsuň jöwzä-jebrine dözen
Topragyma garlar geldi, gelmediň.
Pynhan duýgularmyň sen hakda düzen
Aýdymyna sazlar geldi, gelmediň.

Bogun-bogun söküp geçip içimden,
Garaşmaklyk agyr eken çakymdan.
Seniň üçin açyp goýan gapymdan
Gykuwlaşyp gazlar geldi, gelmediň

Gije hyýallaryň münüp gerşine,
Umytly garaşyp Günüň dogşuna,
Gara saçym ýuwup ýazyň ýagşyna,
Gülgün öwsüp ýazlar geldi, gelmediň.

Keç ykbalym alýan deýin aryny
Aýra düşdük, heý ynanar ýalymy.
Neneň dip aýdaýyn men halymy,
Ýeňsäme atylyp saçlaň örümi,

Bezän wagtym özge ýigdiň törüni,
Elendirip kalbym,
ýakyp bagrymy,
Dünýämi dolduryp,
Birden sen geldiň...
Sen geldiň,
Geldiň, sen,
Juda giç geldiň.

Täçsoltan AMANOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 33 | Добавил: SüleýmanHAÝDAR | Теги: Täçsoltan Amanowa | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Aýadyñ sen öz köñlüñ..." / Goşgular - 16.07.2021
Lukmanlar / Goşgular - 24.01.2021
Конекесир мой! / Goşgular - 19.03.2021
Igde gülleri... / Goşgular - 26.02.2021
Watan / Goşgular - 25.03.2021
Soltansöýünden 40 gazal / Goşgular - 01.02.2021
Babyrdan 40 gazal -2 / Goşgular - 03.02.2021
Kakama / Goşgular - 26.01.2021
Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
Baýadowadan täze goşgular / Goşgular - 11.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]