09:34
Geljegiñ gaşynda
GELJEGIÑ GAŞYNDA

Geljek!
Sen nämüçin beýle syrly ýylgyrýañ?!
Galpyldyda goýup, heýjana salyp.
Ah, neçüýn ýylgyrýañ, neçüýn ýylgyrýañ,
Ajaýyp syrlylyk mukamyn çalyp?!

A men saña aşyk boldum görnetin,
Pynhan yşaratlar kalbym gozgady.
Sen näme diýmekçi bolýañ, gadyrdan,
Häzirleýäñ maña niçik sowgady?!

Bardyr sende silkinmesi ykbalyñ,
Ýylgyrýandyr sende öýkelek bagtym.
Ýyldyzlañ başyna oýun salýandyr,
Meniñ pyşyrdymdan ganan daragtym.

Bardyr yşka düşen Günüñ deminiñ,
Sähranyñ ýüzüne çabyramasy.
Şowhun bilen şaha ýazan ýyldyrym -
Zeminiñ ak ýagşa a:gynamasy.

Çagakam ýitiren aşygym bardyr,
Ah, mežnun bolaryn gola saldygym.
Ýazyñ depesinde durandyr parlap,
Asman ummanynda ýiten ýyldyzym.

Geljek!
Sen nämüçin beýle syrly ýylgyrýañ?!
Tylladan sazymy elime berip.
Sen ajap ýylgyrýañ, ajap ýylgyrýañ,
Alnymda durup!

Hudaýberdi SÖHBETOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 48 | Добавил: Haweran | Теги: Hudaýberdi Söhbetow | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Hat gatnadýan kepderi / Goşgular - 08.02.2021
Dostum / Goşgular - 25.03.2021
Taк / Goşgular - 04.04.2021
Dag we Asman / Goşgular - 10.11.2021
Аlysda galan çagalyk / Goşgular - 30.03.2021
Sensiz / Goşgular - 10.04.2021
Redaktor bilen düýşdäki söhbet / Goşgular - 18.03.2021
Hatyja / Goşgular - 15.02.2021
Araba / Goşgular - 29.03.2021
Gara pişigiň gözleri / Goşgular - 11.11.2021



Всего комментариев: 2
0
2 mango   [Материал]
gowy goşgy.
---
aşaky degişmedir.
---
araky maňa syrly ýylgyryp bakýan Täçwirus bolup çykdy.
bu günki syrly ýylgyrýan näme taýýarlaýar? hudaý bilsin.
Geljek!
Sen nämüçin beýle syrly ýylgyrýañ?!
Edil Mono Liza ýaly.

Hudaýberdiň gowy goşgulary bar.

0
1 Taryhçy   [Материал]
Şu şahyrdan köpräk beriñ.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]