12:37
Gelin / hekaýa
GELIN

Mallaryňa serenjam berip gelen Maman eje bilindäki düýe ýüňünden dokalan guşagy aýyrdy-da, ony tuduň şahasyna gysdyrdy. Özem ýuwundy-da, tuduň kölegesinde ýazylan düşege geçip basyrylgy duran çäýnegi öňüne çekdi. Ol öýüň işi bilen girip-çykyp ýören gelni Aýnäzigi synlap oturyşyna, içini gepletdi: «Älhepus, munuň haýallygyny gyz, uly gelnim Selbini haýal görýärdim. Indi ol-a şähere göçeli bäri çuslanypdyr. Ýaş gelin dagy oturanda-turanda ýelgamak ýaly haýdabermelidir welin, bu onuň ýaly däl. Eden işiniň-ä kemini goýanok welin, gaty haýal-da, ýöne, tüweleme, keşdäni gowy edýär. Eýýäm gelin-gyzlaram düşünipdir. «Bize-de gaýap bersin» diýip gelip durlar. Gowy zat bolsa, her kim derrew bilýär. Aý, haýal-ýagallygy bilenem oňuşarys-la».
Maman eje oňşarys diýse-de, ilki-ilkiler onuň haýallygyny görüp, kanagat edip bilmändi. Bir gün dagy hamyr etmäge gaýdan Aýnäzigiň entegem ony taýýar etmedigini gören Maman eje bilini guşap: «Gelin jan, entek gaýynyň bilinde gurbat kändir, hany, maňa ber, özüm derrew garaýyn» diýip, ýeňini çermäp çanagyň başyna geçende, gelni biraz gatam görüpdi. Ýöne ol hem gaýynenesiniň çalasyn hereketleri, öwüt-ündewi bilen ýuwaş-ýuwaş öwrenişip başlady. Maman eje hem: «Gelen gelin däl, düşen ýeri gelin» diýlişi ýaly, gelnine çalasyn bolmany häli-şindi ýatladardy. Ýöne, näme, öwrenilen endikden hem saplanaýmak aňsat däldi.
Aradan esli wagt geçipdi. Aýnäzik gelniňem aýy-güni dolup, ogul bäbegi boldy. Maman eje muňa hemmeden beter begenipdi. Öýüne bäbek gelenden soň aladalary has-da artan ýaly bolupdy. Indi Maman eje öňkülerindenem çalt gopýardy. Körpe gyzy Aýna-da ynanman, öýüň esasy işlerini özi edýärdi. Ol bir günem gyzynyň käselere guýup goýan çaýyny içip durşuna:
— Gelin edinsem, han gyňajymy atynyp, baý, gezerin-ä diýýärdim. Ynha, gelin almankam oturyp çaý içýän bolsam, indi dik duran ýerimde içýän. Muňa-da şükür — diýip, arasynda öz bolşuna özi gülerdi.
Günler geçýärdi. Şol gün öýlän guşluk boluberende tuduň kölegesine düşek atan Maman eje aşhana girip gelniniň edip goýan pişmelik hamyryna kakyp gördi-de: «Munuň içi gowy galypdyr» diýip, ony daşarda ýazan düşeginiň üstüne eltip goýan badyna:
— A-ýu, Aýna, geleweri, gelnejeňe hem aýt, derrew pişmäni bişireliň, hamyryň içi galypdyr — diýip, ojakda duran ýagly gazana ot ýakdy. Gaýynynyň sesine derrew çykan Aýnäzik işe girişdi.
— Ejem bir zat diýse bor diýäýmeseň bolmaz, gelneje — diýip, Aýna hem kömekleşmäge oturdy. Gelniň hamyry böleklere bölüp oturyşyna kanagat etmän Maman eje: «Hany, äber, özüm bölüp bereýin siz ýaýyberiň» diýip, gelniň öňünden hamyrly çanagy çekdi. Muňa Aýnäzigiň gahary gelse-de, sesini çykarmady. Ol ýöne çalaja: «Daýza, toýa ertir gidýärsiňiz dälmi?» diýdi. Maman eje:
— «Gidýärsiňizmi?», diýip siz galaryn öýtmäň! Bossan dogan sizi goýup baraýsam gaty görer. Hany, taýýar bolsa, ýaga bir atyp göreliň — diýip, gyrasy kertiklije hamyr bölekleri ýaga atyp, owadanja pişmeleri bişirip başladylar. Olar toý pişmäniň soňuny degşip-gülşüp gutardylar. Sebäbi Maman eje öz howlukmaçlygy, jan durmazlygy bilen gelnine, eýle-beýle diýse-de, yzyndan ol öýkelemesin diýip, bir gülkünç gürrüň tapyp güldürer goýbererdi. Ertesem irden Maman eje ogly Myratgula irräkden toýa äkitmelidigini aýdyp, özi geýnip başlady. Ol geýnip, zatlaryny alyp, ulaga garşy ýörände gelni ogly Begenjiň eşiklerini geýdirip otyrdy. Olary gören Maman eje: «Hany basymrak bolaweriň!» diýdi. Öýde Aýnäzigem özüne garaşýandyklary üçin olaryň kinaýaly sözleri aýdýandyklaryny ýüregi syzyp durdy. Ol oglunyň elinden tutup, ýantorbasyny-da egnine atyp, daş çykdy. Maman eje ulagyň öňünde oturan ýerinden gelniniň gelýänini görüp: «Bolaweri, bolaweri, köp garaşdyrma» diýip, göwnündäkini aýtsa-da aýtdy welin, yzyndan ýene ýumarlardy:
— Hemmejämiz bileje toýuna barsak, Bossan dogan-a begener — diýip, yzyna bakdy-da agtygyna-da:
— Toýa barýan goç oglum, wiý, ýogsa-da, gelin, Begenç janyň alajasyny bir dakdyňmy? Toýda göz kändir, her kim muňa sereder. Agtygyny göreli diýibem sorarlar. Gözden-dilden Allajanyň özi gorasyn-da hernä! — diýdi. Myratguly ejesi dagyny daýzalaryna eltip, özem köp oturman, işe gyssanýandygyny aýdyp, giç agşamlyk ýene toýa baryp, ejesini goýdy-da, çagalaryny alyp öýlerine gaýtdy. Olar toýdan gelip ýaňy bir zatlaryny ýerleşdirip öňlerine çaý alanlarynda Myratgulynyň dosty Arslan salam berip gapydan girdi. Onuň ýüzüniň aladalydygy, bir derwaýys işiniň ýüze çykandygy tolgunyp gürleýşindenem bildirip durdy.
— Ýeri, Arslan, näme dursuň? Otursana! Eýgilikmi özi? — diýip, Myratguly hem tolgundy.
— Aý, häli günortan uluja oglum oýnap ýörkä gözüne çöp çümdüripdir. Etrap keselhanasyna äkitdik welin, olam gyssagly Aşgabada äkidip görejine şikes ýetmänkä bejergi almaly diýdi. Hemme synasy-da gerekdir welin, gözünde bir şikes galmasyn diýip, şol başagaý bolup ýörşümiz. Gepiň gysgasy, maňa näçe berip bilseň pul gerek.
— Beh, bolmandyr ol-a, emgek bolup geçsin. Pul tapylar-da, kiçikäň özüňem bezzatdyň-da — diýip, beýleki otaga geçip barşyna, pulunyň ýokdugy ýadyna düşüp, üstünden gaýnag suw guýlana dönüp, kellesini gaşap pikire batdy. «Wah, ep-esli bardam welin, ejem: «Daýzaň toýuna ony almaly, muny almaly, özem seniň toýuňa getirenden pes bolmasyn» diýip duransoň, barja pulumy, ätiýaçlyga ýygnap goýanyma çenli beräýipdim. Bä, Arslana näme diýerkäm? — diýip, iki jahan owarrasy bolup duran adamsynyň ýagdaýyny ýüzünden okan Aýnäzik oňa soragly bakdy. Myratguly: «Arslan pul diýip geldi welin, ätiýaçlyga goýanyma çenli ejeme beräýdim, toýa gerek diýse» diýip, içki aladasyny daşyna çykardy.
— Wi, Myratguly, mende-de eslije pul bar. Edýän el ýakalarymyň, gültahýalarymyň puluny bir zat alsak gerek bolar diýip ýygnap ýörün. Şondan geregini al-da beräý — diýenden Myratgulynyň ýüzi açylyp gitdi. Aýalynyň ýüzüne mähir bilen seretdi. Kalby ganatlanan ýaly boldy. Ol aýalyna kän üns bermän, ony käbir dürli nysaklary geýip, hondanbärsi bolup ýören gelinlerçe görmändigi üçin gynandy. Oňa bolan söýgüsi artdy. Onuň gelni kyn ýagdaýa düşüp durka goltgy berdi. Ol dostuny boş goýberse gaty erbet gynanjakdy. Sebäbi Arslan oňa-da köp gezek kömek edipdi, özem derwaýys wagtlary ýetişýärdi. Dostuna eslije pul berip, begendirip goýberensoň Myratguly aýaly Aýnäzige hoşallygyny aýtdy. Oňa üýtgeşik mähirli sözleri aýdasy geldi. Ýöne öň aýtmansoň, ejap edip saklandy. Aýalynyň köplenç: «Gündiz iş köp bolýar» diýip, gijelerine keşde çekişini ýatlap buýsandy.
Wagt tiz geçýärdi. Aradan näçe wagt geçenem bolsa, şol günki aýalynyň duýdansyz beren goltgusyny Myratguly unutmady. Aýnäzik gelin bolsa şol bir asylly häsiýeti bilen diňe adamsynyň däl, gaýynenesiniňem kalbyny eýeläpdi.
Maman eje birden dert tapyndy. Şol ýaramadyk gününiň agşamlygy onuň göwresiniň çep tarapy hereketden galdy. Heniz öý işinden galmadyk, işläp ýadamadyk çalasyn hereketli Maman ejä bu dert diýseň agyr degipdi. Eýsemem, birden ähli zatdan kesilip oturmak ýeňil däldi. Ogullary, gyzlary, gelinleri hemmesi onuň üstünde kökenek boldular. Ýöne oňa aýratyn yhlaslylyk, usullylyk bilen Aýnäzik gelin seredýärdi. Şonuň üçin Maman eje beýlekiler gapdalyndan tutup ýöretjek bolsalar, saçyny darap berjek bolsalar, «Waý, aýrylaweriň, eliňiz batyp barýar. Aýnäzik gelin gelsin» diýip, gyzlarynyň ýüzüni alardy. Bir gezek Aýnäzik tamdyrda nan ýapýandygy üçin körpe gyzy Aýna ejesiniň saçyny darap bermekçi boldy. Şonda Maman eje: «Waý-eý, jan gyzym, munyň-a bolanok, hany, meniň Aý gelnim gelsin-le, şol-a emaý bilenjik daraýardy» diýdi. Muny Myratgulam eşidip otyrdy. Ol:
—Aýna, bar gelnejeňe aýt, ejemiň ýanyna ol gelsin, çöregine sen seredäý — diýdi. Şonda öňler gelnejesini ýygrarak görüp ýören Aýna gelnejesinden hoşal boldy. Onuň ojaklarynyň ody bilen girip, küli bilen çykyp ýörenini kalbyna gaplapdy.
Ynha, häzir bolsa gapylaryndaky tuduň kölegesine düşek atyp, gaýynenesini çykaran Aýnäzik: «Hamyr etdim, häzir şonuň ujundan size derrewjik birküç sany ysmanaklyja somsa edip bereýin. Ýeňiljekdir, derrewem siňer-de gider» diýip, haýdap aşhana girip gitdi. Maman eje oňa seredip oturyşyna, «Wah, eziz gelnim, men saňa haýal diýip ýördüm weli, şeýle bir haýalam däl ekeniň-ä, tüýs «Gaýyn bilen gelniň topragy bir ýerden alnarmyş» diýleni, hereketleri edil öz hereketlerime meňzäp barýar, senden müň-de bir razydyryn, gelnim, sen biziň kalbymyzy eýeläp bildiň!» diýip, onuň yzyndan mähir bilen garady.

Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 64 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ogulkeýik Paşşyýewa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]