21:34
Geliň BAGT hakynda aýdym aýdalyň...

GELIÑ BAGT HAKDA AÝDYM AÝDALYÑ...

Bir pursatlyk gaçyp gussaň elinden,
Geliň dostlar göwün açyp gaýdalyň.
Daglar kimin belent  tutup başymyz,
Bagt hakynda geliň, aýdym aýdalyň.

Zynjyr deýin üzüp taşla gussaňy,
Gözleriň şatlykdan lowurdap ýansyn.
Şatlanaňda diňe özüň şatlanman,
Goý mähriňden... teşne kişlerem gansyn.

Eger şeýle etseň ýeke özüň däl,
Öz şatlygyň paýladygyňdyr ile.
Sönen umytlara berip uçganak,
Bagtyň aýdymyny aýdalyň bile.

Menem aýtjak senem aýdaýsaň joşup,
Hiç mahal bir çetde galman elbetde.
Ýeke kişi biz şatlanan mahalmyz,
Gussa çümüp dursa şolam erbet-dä.

Gurbanmämmet MEREDOW.

Просмотров: 51 | Добавил: Zehin | Теги: Gurbanmämmet Meredow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
1
1 Hаwеrаn   [Материал]
Häzire çenli goýan goşgularyñ iñ gowşagy şu.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]