01:42
Geldim!
GELDIM!

Inçelen umydym tutunyp hemdem,
Kalbymyñ sesini diñle sen birdem!
Ýakynlaşýanmy
ya
daşlaşýan senden?!
Sõýgi sowallaryny bermäge geldim.

Derde goýan dideleriñ zary men.
Ýürek gysýar ýalñyz galan ýaly men,
Dolan dünýäm-
Ykbalyma many sen.
Gõrkümi gõzleñde gõrmäge geldim

Ykbalym arzuwlar bagta duşmagy,
Syrly bakyşlarda sõýgiñ buşlugy,
Dünýä berip dolap bolmaz ýaşlygy
Gaýgynyñ ody men, sõnmäge geldim.

Ýüregimiñ ýary sende galypdyr.
Yşkym õmrüñ serpiginden agypdyr.
Ykbal sabryñ bõwedini ýarypdyr,
Mähre maýyl bolup, sõýmäge geldim!!!

Bagt barmydyr ataş ýollan gõzleñde,
Ylham gõrdüm sõýgi siñen gõzleñde,
Janym, meni gussalara dõzseñ-de,
Bakyşlañ "bakylyk" diýmäge geldim.

Aýjemal GAÝLYÝEWA.
Magtymguly adyndaly TDU-nyñ talyby.





Категория: Goşgular | Просмотров: 428 | Добавил: Medinilla | Теги: Aýjemal Gaýlyýewa | Рейтинг: 3.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Güýz goşgulary / Goşgular - 08.02.2021
A.Çüriýewe bagyşlanan goşgulardan / Goşgular - 10.04.2021
Eje / Goşgular - 03.03.2021
Talyp haky alynýan gün / Goşgular - 01.03.2021
Lukmanlar / Goşgular - 24.01.2021
Igde gülleri... / Goşgular - 26.02.2021
Kakama / Goşgular - 26.01.2021
"Aýadyñ sen öz köñlüñ..." / Goşgular - 16.07.2021
Owadan geline / Goşgular - 16.03.2021
Soltansöýünden 40 gazal / Goşgular - 01.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]