10:53
"Gel, ezizim dag başyna çykaly..."
"GEL, EZIZIM DAG BAŞYNA ÇYKALY“...

Gideli biz dag goýnuna ezizim,
Daglarda synlaly Günüň dogşuny.
Penalap müň ýaşly ýaşyl arçany
Diň salaly bahar ýagmyr-ýagşyna.

Çar tarapyň daglar gurşap oturan
Gideli biz dogduk Könekesire.
Synlap Şyhattaryň altyn täjini
Dolanaly gadym altyn asyra.

Gel, ikimyz dag başyna çykaly,
Çaý içeli kerkaw oduň közüne.
Gözüň düşer Hatynagaň zawynda
Allaýaryň birwagtky yzyna.

Ýatlaly birme-bir ýakyn-ýatlary,
Olar meň geçmişim, olar hakydam.
Ýör gideli dag goýnuna ezizim,
Goja daglar habar berýär bakydan.

3.03.2003





Категория: Goşgular | Просмотров: 45 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gyz arzuwy / Goşgular - 16.01.2022
Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022
Neçüýn söýdüň? / Goşgular - 14.01.2022
Система йогов / Goşgular - 11.01.2022
Güýz parçalary... / Goşgular - 11.01.2022
Могила Гете / Goşgular - 11.01.2022
Iki ýylyñ sepgidinde / Goşgular - 04.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
Дело о поджоге Рейхстага / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]